Zyýat Hil konditer dükanlary zynjyry süýjülikleriň köpdürli görnüşleri bilen myhmanlaryny begendirmegini dowam edýär.
Bu ýerde nusgawy biskwit tortlaryndan başlap, ajaýyp şerbetli tortlara çenli islendik tagama laýyk gelýän süýjülikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär. Şeýle hem Zyýat Hil konditer dükanlarynda dürli pirožnoýeleri, kökeleri we beýleki süýji önümleri satyn alyp bilersiňiz.
Sargyt esasynda tort taýýarlamak hyzmaty müşderileriň arasynda aýratyn meşhurdyr. Şeýlelikde, her bir adam öz isleglerini özboluşly dizaýn bilen durmuşa geçirip, halaýan tagam utgaşmalaryny saýlap biler. Kompaniýanyň ussat konditerleri müşderileriň hatda iň çylşyrymly we döredijilikli sargytlaryny hem ýerine ýetirmäge taýyndyrlar.
Konditer dükanlary zynjyry ýokary hilli süýjülikleriň ähli muşdaklaryny önümleriň baý görnüşlerine baha bermäge we gaýtalanmajak tagamlardan lezzet almaga çagyrýar.
Zyýat Hil konditer dükanlarynyň salgylary we telefon belgileri:
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Ýatlatsak, Zyýat Hil 150 manatdan başlaýan bahalardan sargyt edilende Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Şeýle-de okaň: