Zyýat Hil konditer dükanlary ýaş çatynjalara özboluşly dizaýny bolan toý tortlaryny taýýarlamak boýunça aýratyn hyzmatyny hödürleýär.
Zyýat Hiliň toý torty diňe bir dabaraňyzyň bezegi bolman, eýsem, onuň ajaýyp jemlemesi hem bolar. Konditer dükanynyň hünärmenleri toýuňyzyň stiline doly laýyk gelýän torty taýýarlap, uly höwes bilen arzuwlaryňyzy hasyl ederler.
Zyýat Hilde size islendik islegiňizi kanagatlandyryp biljek baý tagamlar toplumy hödürlener: nusgawy super şokoladdan we näzik gyzyl mahmaldan başlap, ajaýyp esterhazi, hoşboý ysly medowik we ýumşak miweli kremli wanil tortlaryna çenli.
Tejribeli konditerler tortuň şekilinden we bezeginden başlap, onuň hurşuna we tagam aýratynlyklaryna çenli ähli islegleriňizi göz öňünde tutarlar.
Zyýat Hil konditer dükanlary her gün 8-00-den 22-45-e çenli, dynç günsüz açykdyr.
Zyýat Hil konditer dükanlarynyň salgylary:
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: