Zyýat Hil konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär

Zyýat Hil konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär

8-nji mart — bu senenamada gelýän adaty bir gün bolman, eýsem bahar paslynyň gadam basmagynyň, zenan kalbynyň näzikliginiň hem-de söýginiň, mähriň baýramydyr. Bu ýakyn adamlaryňa tüýs ýürekden çykýan mähir-muhabbetiňi, çuňňur sylag-sarpaňy äşgär etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Aşgabatdaky Zyýat Hil konditer önümleriniň tory eýýäm häzirden Halkara zenanlar güni üçin sargytlary kabul edýär. Tejribeli konditerler süýjüligi bilen islendik adamyň göwnünden turjak şirin tagamly tortlary taýýarlap berýärler.

Zyýat Hiliň assortimentinde dürli hili huruşly we kremli tortlar bar: hozly, ir-iýmişli, miweli, sufleli, şeýle-de ýagly-syrly, gaýmakly, şokoladly hem-de kremli.

Zyýat Hil — islendik görnüşli baýramçylykdyr dabaralar üçin niýetlenen tortlary sargyt edip bolýan konditer dükanlar torudyr.

Ýatlatsak, Zyýat Hil dükanlaryndan 150 manatdan az bolmadyk möçberde söwda edilende, satyn alnan süýjülik Aşgabat şäheriniň islendik ýerine tölegsiz eltilip berilýär.

Tortlaryň, kökeleriň we beýleki süýjülikleriň görnüşleri bilen Aşgabatda ýerleşýän Zyýat Hil dükanlarynyň islendik birine baryp tanşyp bilersiňiz:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň Seýran söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary: täsir galdyrýan görnüşler
Zyýat Hiliň süýji tortlary: özüňize hakyky baýramçylyk sowgat ediň
Zyýat Hil tortlar üçin huruşlaryň köpdürlüligi bilen geň galdyrýar
Zyýat Hil konditerlik tory Täze ýyl üçin sargytlary kabul edip başlady
Zyýat Hil dükanlarynda toý tortuny taýýarlamaga örän döredijilikli çemeleşilýär
Zyýat Hil Täze ýyl süýjüliklerini öňünden sargyt etmegi teklip edýär