Zyýat Hil: islegiňize laýyk tortlar we sowgatlyk toplumlar

Zyýat Hil: islegiňize laýyk tortlar we sowgatlyk toplumlar

Zyýat Hil konditer dükanlary zynjyry tortlary aýratyn sargyt etmegiň, şeýle hem dürli süýjüliklerden sowgatlyk toplumlary döretmegiň mümkindigini ýatladýar.

Müşderiler öz dizaýnyna we tagamyna görä tort sargyt edip bilerler. Munuň özi doglan günler, toýlar ýa-da köpçülikleýin çäreler ýaly aýratyn ýagdaýlar üçin özboluşly konditer önümlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Müşderiler diňe bir tortuň daşky görnüşini däl, eýsem, onuň hurşuny, ululygyny we bezegini hem saýlap bilerler.

Şeýle hem Zyýat Hiliň müşderileri sowgatlyk topluma goşmak üçin kökeleriň we süýjülikleriň görnüşlerini özbaşdak saýlap bilerler. Bu teklip ýakynlary ýa-da kärdeşleri üçin özboluşly we tagamly sowgat gözleýänler üçin örän amatlydyr.

Sargytlar Zyýat Hil konditer dükanlary zynjyrynyň Aşgabatdaky islendik şahamçasynda, şeýle hem telefon arkaly kabul edilýär.

Zyýat Hil konditer dükanlarynyň salgylary:

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýatlatsak, 1-nji awgusta çenli Zyýat Hil konditer dükanlarynda aksiýa dowam edýär 250 manatdan ýokary söwda eden müşderiler sowgat hökmünde iki desert alarlar: Magnoliýa traýfly we Profitrolý.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary zynjyry täze aksiýa bilen müşderilerini begendirýär
Zyýat Hil konditer dükanlary toý tortlaryny taýýarlaak boýunça sargytlary kabul edýär
Zyýat Hil konditer dükanlary assortimenti we aksiýalary bilen haýran galdyrýar
Zyýat Hil Büzmeýinde: täzelenen interýer we üýtgewsiz tagam
Hilli dükanlaryna bra çyralarynyň ajaýyp görnüşleri gelip gowuşdy
Zyýat Hil: köpdürli süýjülikleri täze kesim görnüşinde hödürleýär