Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ)ABŞ-nyň kongresiniň ýolbaşçylaryny USAGM agentligini prezident Trampyň buýrugyndan goramaga çagyrdy.

"Ak Tamyň Kongres tarapyndan maliýeleşdirilýän we dünýädäki awtoritar režimleriň beýanatlaryna garşy çykýan garaşsyz žurnalistika guramasyny ýok etjek bolýandygy nägilelik döredýär" - diýip, Komitetiň programma müdiri Karlos Martinez de la Serna 15-nji martda öz beýanatynda aýtdy.

Ondan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýedi sany federal agentligi, şol sanda ABŞ-nyň USAGM, ýagny Global Media Agentligini ýapmak barada buýruga gol çekdi. Bu agentlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna we Amerikanyň sesi radiostansiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Buýruga görä, ýedi günüň içinde her bir agentligiň ýolbaşçysy prezidentiň buýrugynyň berjaý edilendigini tassyklaýan we agentligiň haýsy bölekleriniň ýa-da wezipeleriniň "kanun tarapyndan hökmanydygyny we näderejede derejede hökmanydygyny" anyklaşdyrýan hasabat bermeli.

Donald Trampyň buýrugyndan birnäçe sagat soň, ABC News habarlar gullugynyň öňki habarçysy žurnalist Tara Palmeri, USAGM-yň hatydygy aýdylýan dokumenti çap etdi, onda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kongres tarapyndan tassyklanan maliýe üpjünçiliginiň ýatyrylandygyny aýdylýar.

Bu hata özüni USAGM agentliginiň baş müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisiniň baş geňeşçisi we baş müdiriň wezipesini ýerine ýetirijiniň ygtyýary berlen resmi hökmünde görkezen Kari Leýk tarapyndan gol çekilipdir. Leýk, Tramp tarapyndan Amerikanyň sesi başlyklygyna hödürlendi, ýöne onuň bellenmegi Halkara ýaýlym boýunça maslahat beriji geňeş tarapyndan tassyklanmalydy.

Azatlyk Radiosynyň prezidenti we baş müdiri Stiwen Kapus: "Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň grant şertnamasynyň ýatyrylmagy Amerikanyň duşmanlaryna ullakan sowgat bolar "- diýdi.

"Eýranyň aýatollalary, Hytaýyň kommunist liderleri, Moskwadaky we Minskdäki awtokratlar 75 ýyllyk işinden soň Azatlyk Radiosynyň ýapylmagyny dabaralarlar. Garşydaşlarymyzyň ýeňiş gazanmagyna ýol açmak, olary güýçlendirmekdir we Amerikany gowşatmakdyr".

Kapus, Azatlyk Radiosynyň taryhynyň dowamynda ABŞ-nyň esasy iki syýasy partiýasynyň giň goldawyna eýe bolandygyny nygtady. "Bizsiz, ýapyk jemgyýetlerde ýaşaýan 50 milliona golaý adam her hepde ygtybarly habar we maglumat üçin bize bil baglaýan adam ABŞ we dünýä baradaky hakykatdan üzňe galar" - diýip, Stiwen Kapus aýtdy.

USAGM, ABŞ-nyň garaşsyz döwlet edarasy bolup, 50-e golaý dilde takmynan 361 million adama habar we maglumat ýetirmek işini dolandyrýar.

USAGM-iň 2025-nji maliýe ýyly üçin soran býujeti 950 million dollar bolup, bu pula Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Amerikanyň sesi, Erkin Aziýa Radiosy, Radio Marti (Kuba), Ýakyn Gündogar ýaýlym tory (MBN) we internet taslamalaryny ösdürýän Açyk tehnologiýa gaznasy ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ähli işler maliýeleşdirilýär.

Prezidentliginiň birinji möhletinde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp USAGM agentligini redaksiýa garaşsyzlygy we ýaýlym strategiýasy sebäpli tankytlapdy.Ikinji möhletiniň başynda ol ýene-de agentligiň işinden nägileligini bildirdi.USAGM agentligini goldaýanlar onuň düzümindäki habar beriş serişdeleriniň ABŞ diplomatiýasynyň möhüm guralydygyna ynanýarlar.Bu buýruk USAGM-den başga-da, Federal araçylyk we ylalaşyk gullugyna, Smitson institutynyň Wudrow Wilson halkara merkezine, muzeý we kitaphana hyzmatlary institutyna, Öýsüzlik boýunça ABŞ-nyň pudagara geňeşine, jemgyýetçilik ösüş maliýe guramalarynyň gaznasyna we azlyklaryň işini ösdürmek gullugyna degişlidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Merriam-Webster ýylyň sözüni mälim etdi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy