Žurnalist we fotosuratçy-nakgaş: ýaşa per bermeýän zehin

Şu gün dünýä jemgyýetçiligi uly nesliň baýramyny Ýaşuly adamlaryň halkara gününi belleýär.Bu sene biz bilen bilimini, tejribesini we danalygyny gysganman paýlaşýan ýaşuly adamlara öz söýgümizi we hormat-sarpamyzy, olaryň maslahatynyň biz üçin gymmatlydygyny aýtmaga ýene bir delildir, olaryň durmuş ýoly, şahsy sypatlary we hünär ussatlygy ýurduň depginli ösüşine goldaw berýär we halypalyk däplerini dowam edýär. Şol nesliň wekilleriniň biri-de -- golaýda 75 ýaş ýubileýini bellän kärdeşimiz, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Wladimir Mihaýlowiç Komarowdyr. Şu günki makalamyzda biz türkmen žurnalistikasynyň gojasyna ýene bir gezek hormat-sarpamyzy beýan etmekçi we oňa galjaňlygy, işeňňirligi we halan kärine wepalylygy üçin hoşallyk bildirmekçi. ...

Wladimir Komarow şol döwrüň oglanjyklarynyň köpüsi ýaly uçarman bolmak arzuwy bilen mekdebi tamamlapdy.Ata-enesi Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan oglanjygy babasy bilen mamasy ekläp-saklaýardy.Babasy Pawel Petrowiç şol döwürde aeroportuň sanitariýa bölüminde lukman bolup işleýärdi, agtygyny köplenç aerodroma ýany bilen äkiderdi.

Wolodýa 13 ýaşynda awiamodelçiler gurnagyna ýazylýar, respublikan we bütinsoýuz ýaryşlara gatnaşýar. Ýetginjegiň mekdebi tamamlandan soň resminamalaryny uçarmanlary taýýarlaýan uçilişşä tabşyrmagy hiç kimi geňirgendirmedi.Emma lukmançylyk gözegçiliginden geçip bilmedi. Ýöne Wolodýa ruhdan düşmedi: Uçarman bolmak başa barmadymy, onda tehnik bolaryn! -diýdi-de, Riganyň radiotehnikleri taýýarlaýan raýat awiasiýasynyň ýörite gulluklary uçilişşesine okuwa girdi.

Okuwy tamamlanlarynda olara Uzak Demirgazyga, Sibire, Uzak Gündogara gitmäge mümkinçilik berildi.Wolodýa Aşgabada gaýdyp geldi, bu ýerde garry babasydyr mamasy onuň gelerine garaşýardylar, raýat awiasiýasy müdirliginde tehnik bolup işe başlady.

Heniz okaýan döwri Wolodýa şygyrýete göwün beripdi, Woznesenskiniň.Roždestwenskiniň, Ahmadullinanyň, Dementýewiň goşgylaryndan ruhlanyp, ilkinji goşgylaryny ýazyp ugrady ...Uçilişşäni tamamlandan bir ýyl soň Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň agşamky bölümine okuwa girdi.

Komarow fotografiaýa bilenem gyzyklanyp ugrady...Radiolokasiýa we radionawigasiýa gullugynda ýaş radiotehnigi işi gowulandyrmak boýunça netijeli teklipler girizendigi üçin birnäçe gezek sylaglaýarlar.Ol türkmen awiatorlary bilen Ulýanowskide bolupdy.

Gaýdyp gelenden soň talyp-filologdan pudagyň köptiražly Воздушная трасса gazeti üçin makala taýýarlamagy haýyş edýärler.Wladimir Mihaýlowiç redaksiýa makalasynyň ýany bilen öz düşüren suratlaryny hem teklip etdi. Şondan birki gün geçen soň ony pudaklaýyn gazete işe çagyrdylar.

Komarow razylyk berensoň ony Воздушная трасса gazetine işe aldylar, bu ýerde baş redaktordan başga ...iki işgär işleýärdi.Olaryň biri beýlekisiniň işini etmegi başarmalydy: her kim makala-da ýazmaly, redaktoryň we korrektoryň işinem etmeli, gazetiň maketini taýýarlamaga-da ...

gatnaşmaly bolýardy.Neşirde respublikanyň awiagatnaşyklarynyň işi beýan edilmeli bolansoň Wladimir Mihaýlowiçe ФЭД kysymly surata düşürýän enjamy berdiler we Türkmenistanyň awiakärhanalarynyň ählisine barmaga mümkinçilik döretdiler. Şeýdibem žurnalistika Komarowyň durmuşyna ornaşdy.

Wladimir Komarow iş saparlaryndan galan täsirleri reportažlarynda beýan edýärdi, uludyr kiçi aeroportlarda işleýän awiatorlar baradaky fotosuratlarynda durmuş öz beýanyny tapýardy.Ol enjamlary we burawlaýjylary daşaýan dikuçarlarda uçýardy.Ençeme gezek geologlaryň gazuw-agtaryş işlerini geçirýän ýerlerine -- Garagumyň alys künjeklerine baryp gördi.

Týumene sapary Wladimir Mihaýlowiçiň aňynda hemişelik galdy.Dikuçarda ol ýere iki gün uçmalydy, ekipaž kabinada, ol bolsa gerek bolanda dikuçara guýmak üçin ätiýaçlyk alnan kerosinli äpet gabyň ýanynda salonda oturmalydy. Ýangyjyň ýakmaz ysy zerarly ol kabina geçirmeklerini haýyş etmeli boldy.Geçenem gowy boldy taýganyň zümerret gözelligi seni beýhuş edýärdi... Şol döwür Týumendäki nebitçilere soýuz respublikalary doganlyk kömegini berýärdiler.

Ol ýerde agyr Mi-6 dikuçaryny dolandyrýan türkmenistanly ekipažlar işleýärdiler.Geologlar, nebitçiler, burawlaýjylar, awiatorlar -- üýtgeşik adamlar.Olar arzuwçyl, höwesjeň we optimislt bolýarlar.Olar bilen söhbetdeşlikden soň Wladimir Mihaýlowiçem açyşlar hyjuwyndan ruhlanýardy.

Uçarmanlar, burawlaýjylar, geologlar barada köptiražly gazetiň habarçysynyň ýazýan gyzykly öçerkleridir reportaşžlary Туркменская искра, Комсомолец Туркменистана, Вечерний Ашхабад gazetleriniň redaksiýalarynyň gözüne ildi. 1974-nji ýylda Wladimir Mihaýlowiçe Вечерний Ашхабад gazetiniň senagat bölüminiň habarçysy bolmagy teklip edenlerinde ol muňa razy bolupdy, çünki hünär taýdan ösmegi üçin oňa täze mümkinçiikler açylýardy.

Güýjüňi başga bir zatda synamak, özgerişlerden çekinmezlik, öwrenmek we kynçylyklary ýeňip geçmek Wladimir Komarowyň durmuş ýörelgesine öwrülipdi.Aşgabadyň Agama alpinisltler klubynyň agzalary bilen tanşanda Wladimir Mihaýlowiç eýýäm ýaşy durugşan adamdy.

Klub barada makala taýýarlap ýörkä belentligiň aşygy bolan bu kişi daga çykýanlaryň biri bolmagy ýüregine düwdi.Komarow alpinist kärdeşleriniň köpüsinden ýaşynyň iki esse uludygyndan çekinip durmady, kluba agza bolmagy oňa türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerlerine syýahat etmäge mümkinçilik döredýärdi.

Ol Agama alpinisltler klubynyň agzalary bilen Köýtendaga gidip, Türkmenistanda iň beýik Aýrybaba depesine çykdy, Marköw we Duşak daglaryna galdy, dag derelerine baryp gördi, Merkezi Köpetdagyň şaglawuklarynadyr bahar gözelliklerine syn etdi, ýurdumyzyň kars gowaklarynyň syrly we gözel dünýäsi bilen tanyşdy.

Ol gowaklaryň syrlary bilen ilkinji gezek Duşak dagyndaky Döwler gowagyna baranda tanşypdy.Soňra gözelligi aýratyn waspa mynasyp we rowaýatlarda beýan edilen Garlyk gowaklaryny gördi...Onuň surata düşüren manzarlary dürli neşirleriň baş sahabyny bezedi we makalalaryň özboluşly bezegini ýetirdi.

Wladimir Komarow Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy, şeýle hem ekologiýa fotosuratlar bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy.Indi ençeme ýyl bäri Wladimir Mihaýlowiç biziň elektron gazetimiziň bölümine ýolbaşçylyk edýär. Ýubilýary ýaş toýy bilen gutlap, kärdeşleriniň biri: Türkmenistanda žurnalist we fotosuratçy Komarowyň ýazyp beýan etmedik hem surata düşürmedik ýeri galdymyka? - diýip sorady.

Wladimir Mihaýlowiç uzak pikirlenmäni: Elbetde! Ýurdumyzyň tebigaty şeýle bir ajap we köňül joşduryjy gözel welin, ol entek-entekler ýene ençeme açyşlary peşgeş eder! -diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Nikolaý Pržewalskiniň Merkezi Aziýa ilkinji syýahaty başlaýar
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýewgeniýa Adamowanyň suratlarynyň biriniň döreýşi
Hazar ýakasynda gyşlan guşlar barada gyzykly maglumatlar we deňeşdirme seljermesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda