
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy Nurgeldi Halykowyň ýurtdan çykmagyna möhletsiz gadaganlyk girizdi diýip, Turkmen.news neşiri ýazýar. 30 ýaşly Halykow garaşsyz neşir bilen hyzmatdaşlygy sebäpli Türkmenistanda dört ýyl türme möhletini başdan geçirip, geçen ýylyň iýun aýynda boşadyldy.
Halykowyň ýurtdan çykmagyny gadagan etmek bikanundyr, ýörite gulluklar ony erkin hereket etmek hukugyndan we kadaly işlemek hukugyndan mahrum edýär we şeýlelik bilen ony žurnalistika işine mejbur iterýär diýlip, neşiriň 10-njy martda çap eden habarynda Nurgeldi Halykowyň Türkmenistanyň prezidentine kanuny hukuklaryny goramak haýyşy bilen ýüz tutandygy aýdylýar.
Halykow ýylyň başyndan bäri Türkmenistany terk etmäge synanyşýar. “Turkmen.news” ozalky habarynda 12-nji ýanwarda Nurgeldi Halykowyň Dubaýa uçup, şol ýerde myhmansöýerlik pudagynda işlemekçi bolandygyny habar beripdi. Ony işe çagyran kompaniýa iş wizasy bilen kömek edipdir we uçar biletini töläpdir. Emma Aşgabadyň howa menzilinde Halykowy birnäçe sagatlap sakladylar we aýratyn otagda sorag etdiler. Netijede oňa ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi.
Maglumata görä, 17-nji ýanwarda Halykow migrasiýa gullugyna resmi hat ýazdy. Gulluk şol haty 1-nji fewralda aldy we 12-nji fewralda Halykowy gelmäge çagyrypdyr.
"Girelgede telefonyny goýmagy haýyş etdiler we ol ýerden goşmaça maglumat ýygnap başladylar: anketa, daşary ýurtlara syýahatyň taryhyny soradylar.Işgär doldurylan resminamalary başlygyna eltdi, soň bolsa başlygyň özüniň aşak düşjekdigini aýtdy. Ýöne 40 minutdan soň işgärler başlygyň gelmejekdigini aýtdylar we 7-10 günüň içinde habar beriljegini bellediler.
Halykow elinden alnan telefonundaky käbir sazlamalaryň üýtgändigine üns beripdir. Şol wada berlen duşuşyk we onsuzam gullugyň ygtyýaryndaky maglumatlary ýygnamak diňe bir bahana bolup, işgärleri hakykatdan gyzyklandyran zat telefondaky maglumatlardy "- diýlip, maglumatda aýdylýar.
"Turkmen.news" neşiriniň belleýşi ýaly, 10-njy martda Halykowa hiç hili jogap gelmändir. Mundan başga-da, resmi guramalaryň raýatlara jogap bermek möhletleri Türkmenistanyň administratiw proseduralary baradaky kanunyň 20-nji maddasynyň 2-nji bölüminde ýörite kesgitlenýär we bu adaty ýagdaýlarda bir aý we arza berijä öňünden habar berlen bolsa 45 gün bolmaly.
Neşir Halikowyň daşary ýurda gitmegini çäklendirmek üçin kanuny esaslaryň ýokdugyny belleýär. Migrasiýa kanunynyň 30-njy maddasynda Türkmenistanyň raýatlary üçin ýurtdan çykmak üçin wagtlaýyn çäklendirmeleriň esaslary görkezilýär, ýöne Nurgeldi Halykowyň ýagdaýy şol meseleleriň hiç birine-de gabat gelmeýär.
7-nji martda Nurgeldi Halykow prezident Serdar Berdimuhamedowa hat ýazyp, ondan kanuny hukuklaryny goramagy haýyş etdi, şeýle hem Baş prokuratura ýüz tutdy diýlip, maglumatda aýdylýar.
Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda galplykda aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne adam hukuklaryny goraýjylar žurnaliste garşy sud işiniň toslanyp tapylandygyna ynanýarlar. Ol Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran agzalarynyň suratyny Turkmen.news neşirine ugratmagyndan soň tussag edilipdi.
Halykow türmeden boşadylandan soň birnäçe aýlap bejergi aldy we bu döwürde daşary ýurt pasportyny alyp, daşary ýurda gitmek üçin resminamalary ýygnamagy başardy. Geçen ýylyň ahyrynda Halykow Dubaýda myhmansöýerlik pudagynda iş tapypdyr, ol bu ugurda 2017-nji ýyldan başlap, 2020-nji ýylda tussag edilýänçä işläpdir.
Türkmenistan öz raýatlaryny halkara uçarlaryndan düşürmek we olara daşary ýurtlara syýahat etmegini esassyz gadagan etmek bilen tanalýar. Häkimiýetler tarapyndan ygtybarsyz hasaplanýan türkmen raýatlary, ýurtdan çykmakda has uly kynçylyklara duçar bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.