Žurnalist Açylowa ýolundan saklanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirildi

Žurnalist Açylowa ýolundan saklanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirildi

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalist Soltan Açylowany esassyz ýerden, mejbury ýagdaýda hassahana ýerleşdirdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” 20-nji noýabrda habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, häkimiýetler Türkmenistanda başga pikirlileri susdurmak üçin ulanylýan “beşeriş” usulyna Açylowanyň Ženewa halkara baýragyny almak üçin uçjak wagtynyň öň ýanynda ýüz urupdyrlar.

Soltan Açylowa şol gün ir sagat 9:00-da gyzy bilen Aşgabatdan Ženewa uçmaly eken, ýöne ir sagat 6:30-da gapysyny kakan ak halatly lukmanlar ony eline-aýagyna bakman, zor bilen hassahana alyp gidýärler.

Lukmanlaryň biri žurnalistiň ýokanç kesele ýolugmakda güman edilýändigini we gyssagly hassahana barlagyndan geçirilmelidigini aýdypdyr.

Açylowa ne garyndaşlaryna habar etmäge, ne-de telefonyny almaga rugsat berlipdir. Güýç bilen “Tiz kömek” ulagyna mündürilen zenan zordan gapysyny gulplamaga ýetişipdir. Ýöne soň onuň açaryny hem elinden alypdyrlar.

“Saňa o dünýede açar nämä gerek?” diýip, “lukmanlaryň” biri sorapdyr.

Žurnalisti Çoganlydaky ýokanç keselliler hassahanasyna eltip, birki günlükde öýüne myhmançylyga gelen aýalyň hassahana düşendigini aýdýarlar.

Žurnalist ol aýalyň keselhana düşeninden habarly eken, ýöne ol ýürek agyrysyndan ejir çekip, newrologiýa bölüminde bejergi alýan eken. Açylowa muny aýdanyndan ýarym soň ol ýaly getirip, ýokanç keselliler hassahanasyna ýerleşdiripdirler.

Açylowa öýünden alnyp gidileninden 10-15 minut soň, howa menziline alyp gitmek üçin, bu ýere onuň gyzy we giýewisi gelýär. Gapyda duran ak halatly adam olara Açylowanyň ýokanç kesele ýolugmakda güman edilýändigini, onuň bilen gatnaşykda bolan adamlaryň ählisiniň saglyk barlagyndan geçmelidigini aýdýar.

Žurnalist häzir hassahanada saklanýar we lukmanlar onuň haçan öýüne goýberiljekdigini aýtmaýarlar.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Soltan Açylowa geçen ýyl ýurtdan çykjak bolanda, howa menzilindäki resmiler onuň we gyzynyň pasportlaryny zaýaladylar.

Halkara guramalarynyň basyşlaryndan soň eneli-gyza täze pasport berildi.

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň, başgaça pikirlenýän we pikirini aýdýan adamlaryň garşysyna saglyk işgärlerini, güman edilýän näsaglygy ulanmagyň uzak taryhy bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Hukuk goraýjylar zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Diňle: Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň