Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler ýatlanýar

Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler ýatlanýar

30-njy awgustda bütin dünýäde bellenilýän zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününiň nobatdaky ýyl dönüminde Türkmenistanda tussag edilenden soň ýitirim bolan ýüzlerçe adamyň ykbaly henizem näbelli galýar.

Tussag edilen bendileri zor bilen ýitirim etmek soňky 20 ýylda Türkmenistanda yzygiderli bir ýagdaýa öwrüldi. Ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasyna görä, 2002-nji ýyldan bäri uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen, şol sanda syýasy we dini sebäplerden ýitirim bolan ýüzlerçe adam hasaba alynypdyr, emma türkmen hökümeti halkara basyşlaryna garamazdan, bu pidalaryň ykbaly baradaky soraglaryň köpüsine üns bermezligini dowam etdirýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar, Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň hökümetiň 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda şol wagtky prezident Nyýazowa garşy agdarlyşyk synanyşygy diýip, häsiýetlendiren ýagdaýlarda günäkärlenýänlere, şol sanda oppozisiýa liderine garşy ulanylandygyny belleýärler.

Olaryň arasynda premýer-ministriň öňki orunbasary we daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem-de ÝHHG-niň öňki ilçisi we öňki daşary işler ministri Batyr Berdiýew ýaly tanymal şahsyýetler bar.

Halkara kampaniýasy Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim bolan 162 adamyň ykbalyny dokumentleşdirdi, şolardan 61 adam 2002-nji ýylyň noýabr aýynda döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gatnaşmak aýyplamalasy esasynda sud edilen we ýene 3 adam olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistandan gaçmagyna kömek edenlikde aýyplanan şahslar. Şeýle-de, sanawda 2016-2018-nji ýyllar aralygynda tussaglaryň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly onlarça waka bar.

Bu tussaglara kanun esasynda aklawçy ýa-da lukmançylyk kömegi berilmedi, olar daşarky dünýäden üzňe saklanyp, maşgalalary bilen habarlaşmaga rugsat berilmedi. Olaryň diridigini ýa-da ölendigini ýakynlary henizem bilmeýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy ÝHHG-a gatnaşýan döwletleri Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleri bes etmek üçin Türkmenistanyň hökümetine basyş planyny işläp düzmäge çagyrdy.

ÝB-niň wekilleri türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim bolan adamlaryň ykbaly barada alada bildirdiler we Türkmenistany adamlary mejbury ýitirim etmek tejribesini ýok etmäge çagyrdylar.

2010-njy ýyldan bäri 30-njy awgusty zor bilen ýitirim bolan pidalaryň halkara güni diýip ykrar eden Birleşen Milletler Guramasy zor bilen ýitirim edilmeleriň adam hukuklarynyň depelenmeginden hem agyrdygyny belleýär. "Zor bilen ýitirim bolmak, köplenç jemgyýetde terror duýgusyny döretmek strategiýasy hökmünde ulanylýar.

Bu tejribe netijesinde döreýän howp duýgusy, ýitirim bolan adamyň ýakyn garyndaşlary bilen çäklenmeýär, eýsem olaryň gatnaşýan toparlarynda-da, tutuş jemgyýetde-de täsir galdyrýar" - diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistan türmelerde saklanýanlaryň, sud edilenleriň we boşadylanlaryň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurt türmelerdäki tussaglaryň sany boýunça ýylsaýyn dünýä derejesinde öňde barýar.

Türmeler boýunça bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär. Bu, dünýädäki üçünji uly görkeziji. Hasabatda berlen sanlar 2021-nji ýyla degişli bolup, onda Türkmenistanyň ilat sanynyň 6 million 80 müň adamdan we ýurduň türmelerindäki tussaglaryň sanynyň 35 müň adamdan ybarat görkezijileriň esasynda hasaplanypdyr.

2021-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa Analitik Merkezi 35 000 tussagyň saklanmagynyň türkmen türmelerindäki ýerlerden üç esse köpdügini habar berdi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara guramalarynyň we garaşsyz synçylaryň baryp görmegi üçin rugsat berilmeýän ýer bolmagynda galýar. Öňki tussaglaryň beren gürrüňlerine görä, Türkmenistanyň türmeleri elhenç tussaglyk şertleri we işgärler bolsa, zalymlygy bilen tapawutlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Ilatyň durmuşy agyrlaşýar, dilegçi çaga we olara basyş köpelýär
Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm
ABŞ-nyň täze hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgaýar