Gepleşigimiziň bu sanynda şu günki günümizi bolşy ýaly geljegimizi hem gyzyklandyrýan mowzuklardan biri hakynda durup geçmek isleýäris.Gerimi iňňän giň bolan gaýtadan işlemegiň adamlary gyzyklandyrýan ilkinji tapgyry, ýagny zir-zibilleri rejelemegiň üstünde durup geçmekçi… “Her bir adam gapysynyň öňüni süpürse, etrabymyz arassa bolar”, diýilşi ýaly kiçijik başlangyçlaryň uly meselelerde nähili möhüm orun tutýandygyny beýan etmäge çalşarys.
Zir-zibilleri rejeleýärin, çünki, diýip söze başlaýarys…
Ulanylan, könelen ýa-da funksiýasyny ýitiren goşlaryň we zyňyndylaryň ýygnalyp, gaýtadan işlenip, şol önümleriň täze önümleriň öndürilmeginde peýdalanylmagyna gaýtadan işlenme diýilýär.Artýan dünýä ilaty we ýokarlaýan adam zerurlyklary igneden-sapaga her bir zadyň iňňän ýokary mukdarlarda öndürilmegini talap edýär.
Emma şol önümçilik üçin gerek bolan çig malyň we energiýanyň çäkli, üssesine hem çeşmeler azaldygy saýyn has gymmatlaýandygy mälim.Bu meselä çözgüt hökmünde tapylan gaýtadan işleme bolsa, serişdelerden tygşytly peýdalanmak arkaly tebigata mümkin gadar az zyýan ýetirmegiň başda durmagynda ençeme çäräni iş ýüzüne geçirmegi maksat edinýär.
Bu tapgyryň birinji ädimini bolsa zyňyndylaryň rejelenmegi emele getirýär.
Öýümizde ýa-da iş ýerimizde her gün çykýan plastik, çüýşe we kagyz zibilleri rejelemän, zir-zibile taşlanymyzda birden köp kynçylygy ýüze çykarýar.Esasanda uly şäherlerde ägirt zir-zibil ýygnama zolaklarynyň emele gelmegi şolaryň esasylaryndan biri.
Organiki we organiki däl zibiller bilelikde uzak wagtlap duranda, atmosfera zyýanly gazlaryň gitmegine sebäp bolýarlar.Zir-zibil üýşürilýän ýerleriň kiçeldilmegi üçin gaýtadan peýdalanylmaga amatly bolan zyňyndylaryň aýry ýerlerde ýygnalmagy möhüm.
Ony ýerli dolanşyklar guraýan hem bolsa, biz şäher ýaşaýjylaryna hem uly jogapkärçilikler düşýär.
Plastik, aýna we kagyz önümleriniň öndürilýän çig mallarynyň çykarylmagy üçin ýokary mukdarda energiýa serişdesi gerek bolup durýar. Şeýle hem şol önümleriň satuwa çykarylmagy hem şonça energiýa sarp edilýär.Ulanylan önümleriň çig mal hökmünde peýdalanylmagy ilkinji energiýa çykdajysyny ortadan aýyrýar. Ösen tehnologiýa bilen gaýtadan işlenýän serişdeden önüm öndürmegiň gymmaty günsaýyn azalýar. Öýümizdäki zyňyndylary bir pakede goýmagyň ýerine görnüşine görä bölüp, zir-zibil gutularyna taşlamak bu tapgyra goşant goşmagy aňladýar.
Geliň, çäkli serişdelerimizi goramaga öýümizden başlalyň!