Zimbabweniň Prezidenti Lukaşenkony örän ýaş doganym diýip atlandyrdy

Zimbabweniň Prezidenti Lukaşenkony örän ýaş doganym diýip atlandyrdy

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko zimbabweli kärdeşi Emmerson Mnangagwa bilen duşuşdy. Emmerson ony duşuşykda özüniň kiçi dogany hökmünde häsiýetlendirdi. Bu barada Belarusuň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň Telegram-ýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Men 82 ýaşymda, şonuň üçin, jenap Prezident, sizde özümiň örän, örän, örän ýaş doganymy görýärin diýip, Mnangagwa degişdi.

Lukaşenko oňa minnetdarlyk bildirip, günortada ýaşaýan adamlaryň demirgazyklylara garanda, has işjeň we sagdyn bolýandygyny belledi diýlip, habarda bellenýär.

Awgust aýynyň 30-yna Aleksandr Lukaşenko 70 ýaşady.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko aýlygy barada degişdi
Türkmenistanlylaryň Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gözi gidýär' - synçy
Karankewiç Belarusuň Hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi
Lukaşenko Belarusuň Prezidenti wezipesinden gitmäge taýýarlanýar
NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi