Zimbabwede Harby Dikuçar Bir Öýüň Üstünde Gaçdy

Zimbabwede Harby Dikuçar Bir Öýüň Üstünde Gaçdy

Zimbabweniň paýtagty Hararede harby tälim üçin ulanylýan dikuçaryň bir öýüň üstünde gaçandygy sebäpli biri çaga 4 adam ýogaldy.

Tälim üçin ulanylýan harby dikuçar bilen arabaglanşyk paýtagt Harareden uçandan gysga wagt soň kesildi.

Dikuçaryň paýtagtyň Arkturus etrapçasynda bir öýüň üstüne gaçandygy sebäpli uçaryň ekipažy, 2 tehniki hünärmen we 1 çaga ýogaldy.

Zimbabweniň howa güýçleri dikuçarlaryň we harby uçarlaryň ýetersizligi sebäpli kyn ýagdaýy başdan geçirýär emma günbatarly ýurtlaryň embargolary sebäpli täze harby uçar we dikuçar alyp bilmeýär.

Ýene degişli makalalar

BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar
Zimbabwede Prezident saýlawlary geçiriler
Buker baýragy bolgar ýazyjysy Georgi Gospodinowa berildi
Türkmenistan Aşgabatdan Pekine uçuşlaryň sanyny azaldar, Türkmengazyň täze başlygy wezipä bellenildi, 28-nji maýda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy dabaraly ýagdaýda belleniler we beýleki habarlar
Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy
Türkmenistan BMG-Habitat dostlar toparyna goşulýar