Žibek gazak eposy häzirki döwrüň sungat dilinde

Astanadan Žastar (Ýaşlar) teatrynyň döredijilik topary Aşgabat halkara festiwalynyň çäklerinde Kyz-Žibek gazak liriki-epiki poemasyny döwre muwapyk, nepis çeýelik dilinde beýan etdi.Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň sahnasynda Žibek gyz bilen Tölegeniň arasynda dörän söýgi barada dartgynly duýgylara ýugrulan sahna eseri ýaýbaňlandy, onuň pajygaly gutaryşy Şekspiriň Romeo we Julýetta hakyndaky eserini ýada salýar... Žibek söweriniň jesediniň üstünde jan berýär, çünki onuň üçin aşygy ýok durmuş gerekmes.

Dürli usullary synamak we ýaş nesliň öz dilinde gürlemek Ýaşlar teatrynyň esasy ýörelgesi. Şonuň üçinem Žibek oýnunyň režisýory Nurkanat Žakypbaý epiki poemanyň wakalaryny çeper tans dilinde beýan etmegi maksat edinipdir.

Tanslardyr wokalyň we akrobatik tilsimleriň utgaşygyndan başga-da, spektaklyň sahna bezeginde hem özboluşly üýtgeşik usullardan peýdalanylypdyr.Mysal üçin, äpet ýüpek mata, edil jadyly ýaly, bir görseň düýä, bir-de ak öýe, bir görseňem - bir süri dowara öwrülýär.

Spektaklyň ahyrynda sazsyz aýdylýan halk aýdymy gazak folklorynyň dür dänesiniň sahna beýanyna kybapdygyny nygtady. -Nurkanat Žakypbaý güýçli režisýor, diňe kärine ussada bir ýarym sagatlap tans bilen tomaşaçylary özüne maýyl etmek başardýar diýip Türkmenistanyň halk artisti Anna Mele öz pikirini aýtdy. -Haýran galdyryjy üýtgeşik spektakl!

diýip ýörelgeleriň şahyranalygy bilen teatr täzelikleriniň utgaşygyndan kemala gelen işden täsirlenen tomaşaçylar bu oýna ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Halkara teatr festiwaly: sözsoňy
Daşary ýurtly teatrlaryň meşhurlygy, kino görmek mejburlygy. Aşgabadyň medeni durmuşynyň aýratynlyklary
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar