Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…

Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…

Zeýtunyň ýapragyndan demlenen çaýyň saglygymyza bolan käbir peýdalary şulardan ybarat;

· Anti-wiral we anti-bakterial özbolyşlyga eýe.

· Kömelegiň emele gelmeginiň öňüni alyjy özbolyşlyg bar.

· Zyýanly holesterini azaldýar.

· Anti-inflamatuar özbolyşlyga eýe.

· Arterleri rahatlandyryp, ganyň akyşyny ýokarlandyrmaga goşant goşýar.

· Güýçli immunitet ulgamyny goraýar we kämilleşdirýär.

· Ganyň basyşyny aşaklatmaga goşant goşýar.

· Ganyň düzümindäki süýjüniň mukdaryny azaldýar.

· Hroniki ýadawlygy aýyryp, güýç berýär.

· Ruhy taýdan güýçlendirýär.

· Ellergiýanyň bejergisinde peýdalydyr.

· Myşsa spazmlarynyň öňüni almak üçin maslahat berilýär.

Ýürek-damar keselleri

Ýürek we damar hassalyklarynyň öňüni almak taýdan peýdalydyr. Zyýanly holesterini aşakladyp, ganyň akyşyny ýokarlandyrýar we ganyň basyşyny aşakladyp, ýürek keseliniň ýüze çykma howpuny azaldýar.

Ýokary gan basyşy

Geçirilen ylmy barlag zeýtun ýapragynyň ganyň başyny aşaklatmak üçin peýdalydygyny görkezýär.

Süýji keseli

Zeýtunyň ýapragy insuline bolan reaksiýany artdyrýar, ýagny adamyň insulini has netijeli işleýär. Geçirilen barlaglar zeýtun ýapragynyň ganyň düzümindäki süýjüniň mukdarynyň kadalaşmagy üçin peýdalydygyny görkezýär. Ylmy barlaglar şeýle hem zeýtun ýaragynyň süýji keseli üçin esasy faktorlardan biri bolan bedenimizdäki insuline bolan garşylygy azaldýandygyny görkezýär.

Beýni üçin peýdaly

Zeýtun ýapragynyň Parkinson keseline peýdalydygy we alsgeýmer hassalygyndan hem gorap biljekdigini görkezýän käbir ylmy barlaglar bar.

Kömelege, wirusa we bakteriýalara garşy peýdaly

Barlaglaryň netijeleri zeýtun ýapragynyň wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin güýçli ukybynyň bardygyny, bakteriýalar we firuslar sebäpli ýüze çykýan ýokançlaryň bejergisinde peýdalydygyny çykarandygy aýdylýar.

Deriniň sagdynlygy

Zeýtun ýapragynyň ekstratynyň gönüden ýara çalynan halatynda derini we ýarany bejermäge goşant goşýandygy anyklandy. Şeýle hem zeýtunyň ýapragynyň düzümindäki antioksident özbolyşlyklar sebäpli deriniň öýjüklerine ýetýän zyýanlaryň öňüni almak taýdan peýdalydygy barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy.

Bedeniň agramyna gözegçilik

Zeýtun ýapragynyň ekstratynyň horlanmak üçin peýdalydygy görülýär.

Zeýtun ýapragynyň zyýanly täsirleri

Ganyň başysyny we ganyň düzümindäki glýukozany aşakladýandygy sebäpli gan basyşy we glýukozasy pes bolanlar ünsli pedalanmaly.

Ganyň başysyny we glýukozany peseldýän dermanlar bilen reaksiýanyň howply boljakdygyny ýatdan çykarmaň. Süýji keseliňiz bar boplsa, lukmanyňyza geňeşiň.

Zeýtun ýapragy we gök çaý

Zeýtunyň ýapragynyň çaýy, gök çaý üçin iň gowy alternatiwdir. Sebäbi dolulygyna kafeinsizdir. Zeýtunyň ýapragynda gök çaýyň antioksident mukdaryndan iki esse we J witaminiň dört esse ýokarydygy anyklandy.

Zeýtunyň ýapragyny nähili saklamaly?

Zeýtunyň ýapragynyň çaýyny, agzy ýapyk gabynda salkyn, garaňky we gurak ýerde 2 ýyl saklap bilersiňiz.

Zeýtunyň ýapragynyň zyýanly täsirleri

Käbir ylmy barlaglar üsgülewük, kelle aýlanmasy, aşgazan keselleri we kelle agyrysy ýaly zyýanly täsirleriniň bardygyny görkezýär.

Allergiki reaksiýa: Käbir adamlaryň zeýtun agajynyň tozgasyna allergiýasy bolýar we zeýtun ýapragynyň ekstraty hem allergiki reaksiýanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Böwrek kellileriniň hem ilki lukmanyna geňeşmegi maslahat berilýär.

Zeýtun ýapragynyň çaýy nähili demlenmeli?

Zeýtun ýapragyny dermanlyk ösümlikleri satýan dükanlaryň hany bilen öýde, öňüňiz hem guradyp bilersiňiz. Guradylan tapraklardan bir nahar çemçesini 1 käse gaýnadylan suwa salyp, 10 minut demläň. Soň süzüp, zeýtup ýapragynyň çaýyny içiň.

Zeýtun ýapragynyň çaýyny günde 3 gezek, 2 aýyň dowamynda içmek maslahat berilýär.

Zeýtun ýapragynyň çaýyny aç ýa-da dok garna içilmegi hakynda maglumat ýok.

Zeýtun ýapragynyň ektraty nähili peýdalanylmaly?

Zeýtun ýapragynyň ekstratyndan peýdalanmagyň iň amatgly ýoly, ony tebigy goşmaça hökmünde kapsul ýa-da tablet görnüşinde satyn almaklykdyr. Zeýtun ýapragynyň ekstraty suwk görnüşde hem satylýar.

Zeýtun ýapragynyň ekstratynyň maslahat berilýän dozasy: günde 1-2 gezek 500 mg.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreşiň çäginde ýene-de 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Antalýa Piýazy
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär