Lebap welaýatyndaky Zerger Demirbetonönümleri zawodynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan gurnama demirbeton önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.
2024-nji ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça zawodda gurnama demirbeton önümleriniň 21 müň 205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmen gündogary gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi 38 million 700 manada, 107,5 göterime deň boldy. Gurnama demirbeton öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, önümçiligiň ösüş depgini 107,7 göterime, manat hasabynda 107,6 göterime ýetirildi.
Demirbeton önümçiligi bilen bir hatarda kärhananyň işçi-hünärmenleri ýurduň çäginde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini hem ýokary derejede alyp barýarlar. Häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde 4 gatly
32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýy, şeýle-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 4 gatly 32 öýli 26 sany ýaşaýyş jaýy bina edilýär. Zawodda 200-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekip, gazanylýan üstünlikde olaryň her biriniň mynasyp paýy bar.
Kärhanada gurluşyk üçin zerur çig mal hasaplanylýan tebigy derýa çägesini almakda, keramzit taýýarlamakda, şeýle-de keramiki kerpiç önümlerini öndürmekde hem netijeli işler ýola goýuldy diýlip, habarda bellenilýär.