Meşhur fransuz aktýory Žerar Depardýe garbanyşhanada otyrka, özüni surata düşürmek islän italiýaly fotografy urdy diýip, Il Messaggero neşirine salgylanýan Ren.tv ýazýar.
Italiýada paparassiniň patyşasy diýlip atlandyrylýan 79 ýaşly fotograf Rino Barillariniň sözlerine aktýor garbanyşhanada onuň üstüne topuldy. Depardýe ol ýerde Magda Wawrusowa atly zenan bilen naharlanyp otyrdy. Aktýor şonda oňa üç gezek şarpyk urup, ýere ýykypdyr. Fotograf indi polisiýa ýüz tutmakçy.
Şeýle-de aktýoryň ýanyndaky zenanyň fotografyň ýüzüne buz zyňandygy habar berilýär. Şondan soň Depardýe ýerinden galyp, Barillarini urupdyr. Fotografa lukmanlar kömek berdiler.