Zer gadryny zergär biler

Türkmen ýigitleri üçin öz zenanlaryny gymmat bahaly daşly altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezemek mertebe-derejedir.Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda nakgaşçylygyň, heýkeltaraşlygyň, zergärçiligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegi biziň üçin buýsançdyr” diýen sözleri halkyň ruhy dünýäsiniň baý bolmaklygyny nazarlap, sungaty, medeniýeti, edebi mirasy ösdürmek we dürs öwrenmek barada giň mümkinçilikler açýandygyna şaýatlyk edýär.

Tyllaýy şelpeleri hoş owazly milli şaý-sepler halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň naýbaşy görnüşleriniň biridir.Türkmen zenanlary adaty günlerde-de, toý gününde-de kellesine, boýnuna, biline, goşarlaryna, barmagyna, mahlasy, başgabyndan tä donunyň etegine çenli altyn, kümüş şaýlarynyň onlarçasyny dakynýarlar.

Taryhy maglumatlar Orta asyrlarda diýarymyzyň dürli künjeklerinde medeniýetiň pajarlap ösen Merw, Dehistan, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly şäherlerinde öndürilen şaý-sepleriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen goňşy döwletleriň çäklerine hem ýaýrandygyny habar berýär.

Häzirki wagta çenli türkmen taryhçylary, etnograflary we sungaty öwrenijileri hem etnograf häsiýetde türkmen şaý-seplerine bagyşlanan birnäçe ylmy barlaglar geçirip, gymmatly maglumatlary ýygnaýarlar.Bular ýaly işler, dil boýunça derňewleri geçirmekde dil birliklerine baý, ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.

Halkyň maddy we ruhy durmuş derejesiniň ýokarlanmagy şaý-sepleriň kämilleşmegine, zergärçilik sungatynyň ösmegine alyp barýar.Beýle ýagdaý bezeg şaýlary ýasamak üçin kämilleşen gurallaryň, ýokary hilli, nepis şaýlaryň bejerilip taýýarlanmagyna, täze has çylşyrymly nagyşlar toplumynyň döremegine getirýär, sebäbi halkyň durmuş derejesi, milli medeniýeti, onuň ýaşaýan jemgyýetiniň ykdysady we medeni taýdan ösüş derejesine baglydyr.

XIX asyryň ahyrynda türkmen halkynyň medeniýetine Günbatar ýurtlarynyň medeniýetiniň täsiri artýar.XX asyrda Türkmenistanyň ykdysady dolanyşygyna önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyryp başlaýar.Gymmat bahaly daşlardan we metallardan taýýarlanylan önümleriň senagat önümçiligi türkmen zergärçilik senediniň täze ugruna öwrülýär. 1984-nji ýylda Türkmenabat şäherinde “Kristall” atly zergärçilik zawodynyň döredilýär.

Ilki başda göwherleri graňlamak üçin döredilen bu zawod 1993-nji ýylda zergärçilik önümlerini köpçülikleýin çykarmaga girişýär.Zawod 1996-njy ýylda “Türkmen altyn” diýlip atlandyrylyp, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen durky täzelenýär.

Ussat türkmen zergärleri Garaşsyz Türkmenistanyň zergärçilik sungatyna täze öwüşginler girizýärler.Zergärler häzirki günde diňe bir bezeg şaýlaryny döretmän, eýsem şanly senelere bagyşlanan sowgatlyk önümleri ýerine ýetirýärler.Türkmen zergärleri ata-babalarymyzdan miras galan zergärçilik nusgalaryny halypa şägirtlik ýollary arkaly saklaýarlar. Şonuň üçin hem ussadan şägirde geçýän ýoly, hut şu ýörelge bilen çekilipdir.

Türkmen zergärleriniň gelin-gyzlara niýetläp döreden bilezikleri, gulakhalkalary, ýüzükleri we başga-da, milli şaý-sepleriň bezegleriniň häzirki döwür talaplary bilen oňat sazlaşygy emele getirýär.Olar altyn, kümüş, zümerret, hakyk, pöwrize ýaly owadan, ynsan saglygyna oňyn täsir edýän gymmat bahaly daşlardan şaý-sepleri ýasamagy, türkmeniň gamyşgulak bedewlerini altyn-kümşe beslemegi, gözel zenanlarymyz üçin gupba, sümsüle, tumar, bilezik, kökenli ýüzük, bäzbent we beýleki şaý-sepleri ýasapdyrlar.

Mähriban Babaniýazowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
12.12.2017 | Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek
Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek