Woleýbol boýunça klublaryň arasynda geçirilen dünýä çempionaty tamamlandy.Polşada geçirilen ýaryşda Russiýanyň “Zenit Kazan” kluby ýeňiş gazandy.Kazanlylar finalda Italiýanyň “Kuçine-Lube Siwitanowa” klubundan 3:0 (27:25, 25:22, 25:22) hasabynda üstün çykdy. 3-nji ýeri mundan öňki 2 ýaryşyň ýeňijisi Braziliýanyň “Sada Kruzeiro” topary eýeledi.
Sambaçylar ýer eýesi “Skra Belhatuw” toparyny 3:0 (25:19, 25:18, 25:13) hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu gezek bürünç medal bilen oňňut etmeli boldy.FIVB tarapyndan guralýan bu bäsleşik 1989-njy ýylda geçirilip başlandy we 1992-nji ýyla çenli dowam etdi. 17 ýyllyk arakesmeden soň, 2009-njy ýylda täzeden başlan çempionatda “Trentino” (Italiýa) 4, “Sada Kruzeiro” (Braziliýa) 3, “Gonzago Milano” (Italiýa) 2 gezek ýeňiş gazandy. 2 kümüş, 2 bürünç medal alan “Zenit Kazan” kluby “Belogoriýe Belgoroddan” soň (2014) çempion bolan 2-nji rus toparydyr. Şeýle-de Italiýanyň “Parma” we “Porto Rawenna” klublary-da 1 gezek ýeňiji boldy.