Ženewada Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp geçdi.BIEG-nyň halkara hukuk resminamalaryna goşulmagy babatynda türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etmek bilen, BIEG-nyň Baş direktory D.Tang Türkmenistanyň Gurama bilen birlikde täze Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin intellektual eýeçiligi ulgamynyň ösdürilmegi boýunça maksatnamanyň işlenilip düzülmegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleri goldady.

Baş direktor Türkmenistanyň Şertnama goşulan 43-nji döwlet bolandygyny bellemek bilen, goşulmagy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistan tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjek we geljekde goşulmagy mümkin bolan BIEG-nyň beýleki resminamalaryna gatnaşykda hem islendik goldawlary bermäge taýýarlygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi
Tanzaniýada gaýyk pajygasy başdan geçirildi
Aşgabatda köpden bäri garaşylan Latyn Amerikasynyň aýdym-saz konserti geçirildi
"Tango, Tango, Tango". Aşgabatda karantin sebäpli yza süýşürilen ýene bir konsert geçirildi
Älem giňişliginde öndürilen retina körlügi bejerip biler
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)