Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna üns çekildi

Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna üns çekildi

Hökümete degişli bolmadyk guramalar 29-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy barada BMG-niň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça komitetine brifing berdiler.

Bu brifing Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň ýurtda Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky konwensiýanyň ýerini ýetirilişi barada Birleşen Milletler Guramasyna berjek hasabatynyň öňüsyrasyna geçirildi. Türkmen wekiliýeti 2-nji fewralda BMG komitetiniň 87-nji mejlisiniň çäklerinde hasabat bilen çykyş eder.

Brifinge gatnaşan raýat jemgyýetiniň wekilleri Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ýagdaýyna, şol sanda maşgala zorlugyna we abort meselelerine ünsi çekdiler.

“Birinjilik bilen, Türkmenistanda aýallary maşgala zorlugyndan goramaga gönükdirilen ýeterlik kanunçylyk ýok” diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Progres” gaznasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa BMG komitetine brifing berdi.

Ol öz çykyşynda Türkmenistanda häzir bar bolan degişli kanunçylyk namalarynyň zerur ülňülere gabat gelmeýändigini we olaryň maşgala zorlugynyň pidalaryny gorap bilmeýändigini aýtdy.

“Kanun goraýjy edaralar köplenç maşgala zorlugyny administratiw hukuk bozulmasy hökmünde kabul edýärler we diňe gaýta-gaýta edilen halatynda ony jenaýat hasaplaýarlar” diýip, aýallaryň hukuklaryny goraýjy aýtdy.

Ýatlasak, 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklary barada çap edilen hasabat ýurtda her sekiz aýaldan bir aýalyň fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar boýandygyny anyklady. Bu hasabat BMG-niň Ilat gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldawlary bilen hem-de türkmen hökümetiniň maliýe hemaýatynyň esasynda taýýarlanyldy.

Maşgala zorlugy meselesi 2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça Ženewada geçirilen beýleki bir duşuşykda hem gün tertibine getirilipdi. Şonda türkmen wekiliýeti maşgala zorlugyny aradan aýyrmak boýunça özbaşdak kanunçylyk namasynyň ýokdugyny boýun alyň, ýurduň jenaýat kodeksiniň şeýle hukuk bozulmalary boýunça temmileri öz içine alýandygyny aýdypdy.

“Bu barlag işinde maşgala zorlugy meselesine esasy üns gönükdirildi.Maşgala zorlugy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde aýrybaşga, özbaşyna jenaýat hökmünde girizilmeýär.Bu ugurda aýratyn, özbaşyna kanun ýok.Muňa garamazdan, aýallara garşy zorlugyň öňüni almak üçin tagalla edilýär we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň beýleki maddalary bu jenaýaty öz içine alýar” diýip, şonda türkmen wekiliýetiniň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa we adam hukuklary bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda maşgala zorlugyna garşy ýörite kanunçylyk namasynyň kabul edilmegini teklip edýärler.

Düýbi Çehiýa Respublikasynda ýerleşýän “Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary” guramasynyň agzasy Ýuliýa Serebrýannik öz çykyşynda Türkmenistanyň patriarhal ýurt bolandygyna ünsi çekip, bu ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň hormatlanylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol Türkmenistanda aýallardan ýurtdaky “hyýaly bagtyýarlygy” halkara jemgyýetçiligine görkezmegiň guraly hökmünde peýdalanylýandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar ýygnagyň dowamynda Türkmenistanda abort meselesiniň töweregindäki çäklendirmelere-de ünsi çekdiler.

Halkara guramalaryň çaklamalaryna görä, 2015-2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda islenilmeýän göwreliligiň 83 göterimi abort bilen tamamlanypdyr. Türkmen kanunçylygy göwreliligiň bäşinji hepdesinden soňra çaga düwüniniň emeli usul bilen düşürilmegine diňe ýörite lukmançylyk toparynyň netijenamasy esasynda rugsat berýär.

BMG Komitetiniň ýygnagyna gatnaşyjylar ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň kepillendirilmegi boýunça Türkmenistanyň resmi wekiliýetlerine birnäçe maslahatlary we teklipnamalary hödürlediler.

Türkmenistan Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Konwensiýa 1997-nji ýylda goşuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça komiteti bu Konwensiýanyň ýerine ýetirilişine esewan edýär. Türkmenistan şu wagta çenli bu konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça alty gezek döwürleýin hasabat berdi.

BMG komiteti bu konwensiýanyň berjaý edilişine baha bermek üçin, raýat jemgyýetiniň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hasabatlaryny hem nazarda tutýar.

Türkmenistanyň bu ugurdaky nobatdaky hasabatyny Birleşen Milletler Guramasyna hödürlejek resmi wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.

Türkmen hökümeti aýal-gyzlaryň hukuklaryny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Şeýle tankytlar soňky birnäçe ýyl bäri has-da ýitileşdi.

Häkimiýetler, aýratyn-da, 2022-nji ýylyň aprelinden bäri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirýärler. Döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda aýal-gyzlar bilen ýörite duşuşyklar geçirilip, milli lybaslary geýmegiň ähmiýeti nygtaldy we gözçykgynç gözellik serişdeleri gadagan edildi.

Türkmenistanda aýal-gyzlar ýokary wezipelere bellenilýär, ýöne belli-belli ýokary wezipelere, meselem, harby we hukuk goraýjy edaralara, söwda hem-de maliýe-ykdysady pudaklara aýal-gyzlar ýolbaşçy hökmünde bellenilmeýär, welaýat häkimleri hem diňe erkeklerden saýlanýar.

Türkmenistanda parlamentiň başlygy köplenç aýal-gyzlardan saýlanýar, ýa-da bilim we medeniýet pudagyna köplenç aýallar ýolbaşçylyk edýär.Welaýat we şäher häkimleriniň orunbasarlarynyň azyndan biri köplenç bilim, saglyk we medeniýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasar aýal-gyzlardan bellenýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda zenanlaryň ýokary wezipelere getirilmegini diňe göz üçin edilýän çäreler hökmünde häsiýetlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär
2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Salam, dogan! Hünärmen Aşgabadyň ret etmelerini ret edýär
Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi