ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Zenanlar ýaşaýyşyň gözelligi atly söhbetdeşlik geçirildi.

Tebigat gözellikleri bolan gül-gunçalar bilen bäsleşýän haly-palaslaryň, keçeleriň nepislikde deňi-taýy ýokdur.Bu nepis sungat taryh sahypalarynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ömür ýoly, ömür ykbaly bolup, durmuş menzillerine öwrülipdir.

Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler.El hünärini eneden-gyza geçirip dowam edipdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr.Ene-mamalarymyzyň el işleriniň biri bolan türkmen keçesi döreýiş taryhyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Keçe amaly-haşam sungaty bolup, ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýran müdimi senetdir.Keçe etmekde, haly dokamakda, keşde çekmekde türkmen gelin-gyzlarynyň orny örän uludyr.Olaryň ýüreklerindäki arzuw-islegleri, yhlasy, gujur-gaýraty, irginsiz zähmeti türkmeniň nepis halysynda, keçesinde öz beýanyny tapýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň inçe sungatyna ýokary baha berýän, milli mirasymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aşa çalt zarýad berýän beket
Näme üçin almaly zatlarymyz ýatdan çykýar?
e.gov.tm portalynda okuw töleglerini onlaýn tertibinde amala aşyryň!
ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet