Awstraliýada ýaşaýan iki zenan dünýä rekordyny goýup, Ginnesiň kitabyna girdiler. Olar iň ýakyn joralar bolup, şol bir gutlag otkrytkasyny 61 ýyllap birek-birege ýollapdyrlar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanýan Gazeta. ru ýazýar.
Ählisi 1963-nji ýylda başlandy, şol ýyl Linli Lambert jorasy Žanett Gremi doglan güni bilen gutlap, otkrytka ýollady. Dekabrda Žanett şol otkrytkany yzyna iberdi, şondan soňam gyzlar her ýyl şol bir gutlag kagyzyna ýakymly arzuwlary ýazyp, dostluklaryny tutuş ömürlerine saklamak üçin bir-birine ýolladylar.
Täsin gutlag kagyzynyň daşynda şotland başgaply towşanyň suraty bar. Içinde bolsa: Meniň adym galam bilen ýazylandyr, men muny tygşytlamak üçin edýarin. Meniň doglan günüm gelende, sen adyňy boz-da, meniň adymy ýaz, jora jan. Biz şeýdip, biri-birimizi uzak ýyllar gutlar durarys diýen ýazgy bar.
Şeýle-de boldy, zenanlar ömürleriniň bütin dowamynda şol bir otkrytkany alyşdylar. Olar şeýle usulyň şu geçen ýyllarda ummasyz pul tygşytlamaga kömek edendigini gürrüň berýärler diýlip, habarda bellenýär.