Zenan zibilhanany 30 sagat dörüp ýiten ýüzügini tapdy

Zenan zibilhanany 30 sagat dörüp ýiten ýüzügini tapdy

Tailandda ýaşaýan zenan göwher gaşly ýüzügini 30 sagatlap gözländen soňra zibilhanadan tapdy.

Ol ellerini ýuwmak üçin ýüzügini aýryp, zibil atylýan bedrä taşlandygyny ýadyndan çykardy. Netijede, ýüzük köçedäki zibil guta, soň şäheriň zibilhanasyna düşdi.

Ýüzügini ýitirenden soňra Apitçaýa Ning atly zenan onuň nirede bolup biljekdigini akylyna getirdi. Ol işçileri kireýine tutup, 28 gektarlyk zibil atylýan ýeri gyzyl-dörjük etdiler diýip, The Thaiger neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Otuz sagatlap dowam eden gözleglerden soňra gymmatbaha ýüzügi tapmak başartdy. Ning ony sosial ulgamdaky sahypasynda görkezdi. Zenan ýüzügi her edip-hesip edip tapjakdygyny düşündirdi, sebäbi onuň bahasy 400 müň bata deňdir.

Ýene degişli makalalar

Murmansk oblastynyň eteginde ýük we ýolagçy otlulary çaknyşdy
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Maryda ten satýan aýallary saklamak boýunça reýd geçirilýär
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
“Pariž 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi