Güneşli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakjalar, ir-iýmişler we miweler aýratyn tagama eýedigi bilen tapawutlanýar.Olar gaýtadan işlenip, dürli görnüşli gaplama önümleri taýýarlananda-da, ýokary hilini saklaýarlar. Şu jähetden, özümizde ýetişdirilýän önümlerden taýýarlanan gaplamalara halkymyz aýratyn isleg bildirýär.
Munuň özi Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýandygyny, bu babatda öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ogulsoltan Nazarowa hem Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda gök-bakja önümlerinden gaplamalary taýýarlamak işini alyp barýar.Kärhanada daşary döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň doly ornaşdyrylmagy önümçilik depginini ýokary derejede saklamaga we köp görnüşli önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde öz işiniň ussatlary hasaplanýan ýaşlaryň ençemesi zähmet çekip, olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny üstünliklere beslemegi öz öňlerinde esasy maksat edip goýupdyrlar.
Anyk mysallara ýüzlensek, telekeçi zenana degişli bolan kärhanada duzlanan hyýar, pomidor, marinadlanan bakjalar ýaly önümleriň jemi 18 görnüşi taýýarlanylýar.Bu ýerde her aýda 480, 800 hem-de 900 gramlyk şertli bankalara gaplanan önümleriň 8 — 10 müňden gowragy öndürilip, olaryň ählisi-de ekologiýa taýdan arassa hem tebigy önümlerdir. Önümçiligiň şeýle depgini ýokarda aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen tassyklaýan bolsa gerek. “Bereket” haryt nyşany bilen köpleriň ünsüni özüne çekýän önümler ýylyň ähli döwründe diňe bir welaýatyň çägindäki däl, eýsem, beýleki sebitlerdäki, paýtagtymyzdaky söwda nokatlaryna, ak bazarlara yzygiderli ýetirilip durulýar.
Çeşme: “Rysgal” gazetiniň 2024-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky sany