Hindistanda zenan adamsynyň öý pişigine çakdanaşa üns berýändigi üçin kazyýete berdi diýip, Hindustan Times gazetine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Bangalorly zenan kazyýete şikaýatynda adamsynyň pişigini gowy görmegi bilen baglylykda, maşgalada oňşuksyzlyklaryň dowamly bolýandygyny, hatda pişigiň hem ärini gabanyp, özüni dyrnaçaklaýandygyny beýan etdi. Ejir çeken aýaly adamsyny jezalandyrmagy talap edýär.
Emma Karnataka ştatynyň ýokary kazyýeti bu işe garamakdan ýüz öwürdi, sebäbi kazy aýalyň şikaýatda beýan edenleriniň kanun bozma däldigini, şonuň üçin onuň adamsyny jogapkärçilige çekmäge hiç hili sebäbiň ýoldugyny beýan etdi. Kazyýetde şeýle owunjak durmuş jedelleriniň adylkazyýetlilige goşmaça agram salýandygyny we has wajyp işlerden ünsüni sowýandygyny bellediler.