Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi

Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi

BMG-niň Aýal-gyzlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti birinji gün, 19-njy fewralda birnäçe ýurtdaky, şol sanda Türkmenistandaky ýagdaýlar barada öz gelen, çykaran netijelerini çap etdi. Hünärmenler aýal-gyzlara garşy ulanylýan we saklanyp galýan kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek baradaky konwensiýanyň ýerine ýetirilişi barada berlen döwlet hasabatlaryny gözden geçirip, öz tekliplerini we maslahatlaryny hödürlediler.

Bu maslahatlar Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2-nji fewralda Ženewada beren döwürleýin hasabatynyň birnäçe hepde soňundan çap edilýär. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, daşary işler ministriniň orunbasary Mahri Bäşimowa hasabat döwründe eden çykyşynda, ýerli metbugatyň boýna dakylan geýim-eşik düzgüniniň ýurtda nähili galyplary döredendigini günde-günaşa görkezýändigine garamazdan, dres kod’ tankydyny esassyz inkär etdi.

Komitetiň hünärmenleri Türkmenistanda gender zorlugyna degişli kanunçylygyň ýokdugyny, şeýle-de, bu hili zorluklaryň öňüni almaga gönükdirilen töwerekleýin stratregiýanyň ýokdugyny nygtadylar. Olar häkimiýetleri aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşini, şol sanda maşgaladaky zorlugy anyk kesgitlemek we bu zorluklara ýüz uran adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin, mundan aňryk yza çekmezden, derhal kanun kabul etmäge çagyrdylar.

Şeýle-de, hünärmenler Türkmenistana gender zorlugynyň, jyns esasyndaky kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek we bu zorlukdan ejir çeken pidalara mugt hukuk, lukmançylyk kömeklerini bermek strategiýasyny işläp düzmegi maslahat berdiler.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda aýal-gyzlar geýim-eşik we daşky görnüş meselelerinde, jyns stereotiplerine laýyk gelmekleri üçin, döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli basyş bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle-de, hünärmenler aýal-gyzlaryň ýekelikde, özbaşdak syýahat etmek we awtoulag sürmek hukuklarynyň çäklendirilmeginden alada bildirip, häkimiýetleri bu hili düzgünleri we talaplary ýatyrmaga çagyrdylar.

Türkmenistan ýurtda aýal-gyzlaryň kanunda kepillendirilen ähli hukugynyň berjaý edilýändigini, olaryň okamak, işlemek, saýlamak we saýlanmak mümkinçilikleriniň hiç bir jähtden çäklendirilmeýändigini tekrarlaýar.

Emma synçylar, şol sanda raýat aktiwistleri we hökümet tankytçylary Türkmenistanda ýaşaýan aýal-gyzlaryň okuw, iş, erkekler bilen deň gazanç etmek, syýasata gatnaşmak meselelerinde uly bökdençliklere sezewar edilýändigini öňe sürýärler.

Aýal-gyzlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň birinji gün çap eden teklip-maslahatlarynda aýdylmagyna görä, aýallar Mejlisiň (aşaky palatanyň) deputatlarynyň diňe 24,8 göterimini, Halk maslahatynyň (ýokarky palatanyň) wekilleriniň 27 göterimini düzýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetinde diňe bir aýal bar, şäher geňeşlerinde we syýasy partiýalarda hem, ozalkylary ýaly, ýolbaşçy wezipelere çekilýän aýal-gyzlar ýeterlik bolup görünmeýär.

2030-njy ýyla çenli gender, jyns deňligini gazanmak üçin, syýasy partiýalaryň saýlaw sanawlarynda zenan kandidatlar babatyndaky kwotalaryň kesgitlenmegi bilen, hünärmenler Türkmenistana saýlaw kanunçylygyna üýtgetmeleri girizmek, şeýle-de, syýasy partiýalara saýlaw kampaniýalaryny maliýeleşdirmek we zenan dalaşgärleri taýýarlamak üçin maliýe höweslendirmelerini bermek maslahatlaryny berdiler.

Türkmenistana mundan öňki ýyllarda berlen tekliplerde we maslahatlarda hem ýurtda dowam edýän kemsitmeleri aradan aýyrmagyň ýa azaltmagyň ýollary salgy berlipdi. Emma Aşgabat, hünärmenleriň sözlerine görä, nobatdaky hasabatlarynda şol bir jümleleri gaýtalap, kabul edilen kanunlary sanap, durmuşdaky hakyky ýagdaýlara, meseläniň özenine aralaşmakdan daşda durýar.

“Saglyk” programmasynyň we “Progres” fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen wekiliýetiniň käbir agzalarynyň Ženewada ýurduň düşen ýagdaýy barada aýdylan zatlary başlyklara ýetirmek barada bellik edip, muny anyk aýdandyklaryny gürrüň berdi. Ýöne hünärmen özünde Türkmenistandaky ýagdaýyň üýtgjegine o diýen umyt döremändigini, sebäbi muňa hiç bir yşarat görmändigini hem boýun aldy.

A.Ýaýlymowa bilen söhbetdeşligi "Salam, Dogan!" gepleşigimiziň nobatdaky sanynda diňläp bilersiňiz.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär
2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna üns çekildi
Salam, dogan! Hünärmen Aşgabadyň ret etmelerini ret edýär