Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgülerini, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan harby gullukçylaryň arasynda Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar! atly bäsleşigi geçirildi. Bu barada "Esger" gazeti habar berýär.
Zenan harby gullukçylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 5 şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.Bäsleşigiň birinji şerti, saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini çeper wasp etmek.
Ikinji şertinde bolsa, zenanlar özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen zenanyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe barada goşgyny ýerine ýetirmek.Bäsleşigiň üçünji şertinde taryhda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini janlandyrmak.
Dördünji şert bolsa, ata-babalarymyzyň El hünäri il gezer diýen nakylyndan ugur alyp, gadymdan gelýän çeper el işlerinden öz başarjaňlygyny görkezmek.Jemleýji bäşinji şert bolsa Bereketli türkmen saçagy atly kitapdan ugur alyp, unaş kesmek.
Bäsleşigiň jemleri boýunça podpolkownik Şihmyrat Öräýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonyndan uly leýtenant Suraý Gurbanmyradowa 1-nji, podpolkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik edýän garnizonyndan uly leýtenant Aýgözel Annamyradowa 2-nji, polkownik Rahym Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonyndan uly leýtenant Annasoltan Orazowa 3-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan zenan harby gullukçylara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.