Zeminde köller köpeldi

Zeminde köller köpeldi

Soňky 40 ýylyň dowamynda Zemindäki kölleriň sanynyň artandygy Kopengagen uniwersitetiniň geçiren barlaglary netijesinde belli boldy diýip, MIR 24 ýazýar. Alymlar täze suw howdanlarynyň parnik gazlarynyň çeşmeleri bolup durýandygy barada netijä geldiler diýip, Nature Communications neşiri habar berýär.

Ylmy işiň awtorlarynyň düzen takyk kartasyna görä, häzir dünýäde suw howdanlarynyň 3,4 million sanysy bar. Muny kosmos hemralary arkaly alnan suratlaryň üsti bilen kesgitlemek başartdy, bu işde emeli aňyň kömeginden hem peýdalanyldy.

Ylmy-barlaglar 1984-2019-njy ýyllar aralgynda Ýerde kölleriň umumy eýeleýän meýdanynyň 46 müň inedördül kilometre çenli artandygyny görkezdi, bu Daniýanyň meýdanyndan hem uludyr. Köllerde ady tutulan döwürde çynlakaý özgerişlikler bolup geçipdir hem-de ýagdaý planetanyň bütin uglerod dolanyşygyna täsir edip biler.

Howdanlaryň düýbünde organiki jisimler toplanýar, olar ölen haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň galyndylarydyr. Bakteriýalardyr kömelekler olar bilen iýmitlenip, köp mukdarda kömürturşy gazyny, metany, azot turşulyklaryny we beýleki birleşmeleri bölüp çykarýarlar. Bu iş öz gezeginde kölleri parnik gazlarynyň ägirt uly fabriklerine öwürýär diýlip, ylmy makalada aýdylýar. Häzirki wagtda olara Ýeriň howasyna goýberilýän ähli kömürturşy gazynyň 20 göterimi degişlidir.

1984-2019-njy ýyllaryň aralygynda parnik gazlarynyň köllerdäki umumy artyşy uglerodyň 4,8 million tonnasyna deň bolupdyr. Geljekde howanyň maýlamagy bilen baglylykda bu görkeziji has-da artar.

Kölleriň artmasynyň sebäpleri hökmünde alymlar adamyň işini görkezýärler, sebäbi täze kölleriň köpüsi emeli döredilenlerdir. Ikinji sebäbi buzluklaryň we baky doňaklygyň çalt eremegidir.

Ýene degişli makalalar

Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Arktiki köller guraýar
Emeli intellekt fizikanyň alternatiw kanunlaryny hödürleýär
Ýeriň gabygynda kislorodyň näbelli çeşmesi tapyldy