Zemin gözeli bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

Zemin gözeli bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

Awstraliýaly Jessika Leýn Zemin gözeli diýen bäsleşigiň ýeňijisi boldy diýip, Youtube ýaýlymynda görkezilen baýrak gowşurylyş dabarasyna salgylanýan Report habar berdi.

Bäsleşige dünýäniň 76 ýurdundan gözeller gatnaşdylar.

Basleşigiň jemleýji tapgyrynda dört ýeňiji yglan edildi, olar her bir tebigy hadysa laýyklykda yglan edildi, şunda iň ýokary dereje Zemin gözeli diýen ada degişlidir.

Ýagny ABŞ-dan zenan Suw gözeli, islandiýaly Howa gözeli, Peru döwletinden bäsleşige gatnaşyjy Ot gözeli diýlip yglan edildi.

Baş baýraga mynasyp bolan Jessika Leýn Awstraliýadaky Sanşaýn-Koest uniwersitetinde žurnalistika we edebi döredijilik hünärinden bilim alýar.

Ýene degişli makalalar

Zemin gözeli belli boldy
Tokiodan soň Parižde-de altyn medala mynasyp boldy
Hytaýly türgenler diňden sinhronlaýyn bökmekde Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar
Kosowadan Gýakowa 57 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy
74-nji Kann film festiwaly
ABŞ-nyň käbir goşunlarynyň we enjamlarynyň Günbatar Aziýadan çykarylmagy, talaplar we faktlar