Zelenskiýniň ABŞ-na Sapary

Zelenskiýniň ABŞ-na Sapary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiýniň ABŞ-na saparyna ser salmakçy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiý ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çakylygyna laýyklykda awgust aýynyň 31-i bilen sentýabr aýynyň 3-i aralygynda ABŞ-da resmi saparda boldy.Bu sapar, Zelenskiýniň ABŞ-na guran ilkinji sapary bolmagy taýdan uly ähmiýete eýe.

Wolodimir Zelenskiý 31-nji awgustda Waşingtonda ABŞ-nyň Energetika ministri Jennifer Granholm bilen duşuşdy.Duşuşykda Demirgazyk Akym-2 taslamasynyň çäginde Ukrainanyň we sebitiň energiýa howpsuzlygy hakynda pikir alyşyldy. Şol gün Zelenskiý Amerikan Milli Awiasiýa we kosmos edarasynyň Başlygy Bill Nelson bilen duşuşyp, NASA-nyň taslamalaryna we maksatnamalaryna Ukrainanyň degişli guramalarynyň gatnaşmagy hakynda pikir alyşdy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiý resmi saparynyň ikinji gününde Bütindünýä bankynyň Başlygy Dewid Malpass bilen duşuşdy.Zelenskiý Ukrainada durmuşa geçirilýän özgertmeler we Ukrainanyň Özgerlişik maksatnamasy hakynda maglumat berip, Bütindünýä bankyny şol Özgerlişik maksatnamasynyň iş ýüzüne geçirlişine gatnaşmaga çagyrdy.

Zelenskiý soň bolsa Amerikanyň Ylmy we strategik barlaglar guramalarynyň wekilleri hem-de žurnalistleri bilen duşuşdy.Zelenskiý duşuşykdy jemi 277 milliard dollara barabar boljak 80-den gowrak taslamadan ybarat bolan Ukrainanyň Özgerlişik maksatnamasy hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Wolodinir Zelenskiý 1-nji sentýabrda Pentagonda ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Austin bilen duşuşdy. Şol gün ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý bilen toparara we ikiçäk duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşyklardan ozal iki ýurduň liderleri Owal Ofisde žurnalistleriň öňüne bilelikde çykyp, çykyş etdiler.

Baýden çykyşynda: “ABŞ, rus agressiwligine garşy Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine sarpa goýmaga dowam edýär” diýdi we Ukrainanyň “Ýewropa-Atlantik amallaryny” goldamaga dowam etjekdigini aýtdy.Zelenskiý duşuşykdan soň Twitter hasabyndan Jo Baýden bilen howpsuzlyk meselelerinde pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiý 2-nji sentýabrda Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresindäki Ukraina boýunça iş toparynyň agzalary bilen duşuşandan son Kaliforniýa ştatyna bardy. Zelenskiý 3-nji sentýabrda resmi saparynyň çäginde Slikon jülgesindäki öňdebaryjy maýadarlar we telekeçi maýadarlar gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyp, olary Ukraina bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiýniň ABŞ-na sapary iňňän depginli we netijeli geçdi. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda howpsuzlyk, goranyş, ykdysadyýet, energetika, saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk habarnamalaryna we ylalaşyklara gol çekişildi.

ABŞ-Ukraina Strategik hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki beýannama görä ABŞ-nyň hökümeti şu ýyl demokratiýa, adam hukuklary, ýerli dolanşyklar we desenrtalizasiýa, hususylaşdyrma we kazyýet özgertmesine esaslanýan maksatnamalar üçin Ukraina 463 million dollardan gowrak kömek bermegi meýilleşdirýär.

ABŞ Kovid-19-yň ýaýramagyna garşy göreş we sanjymlaryň getirilmegi, saklanmagy üçin Ukraina boşmaça 12,8 million dollar berer.Aýratynam Donbassdaky söweş sebäpli zyýan çeken we gumanitar kömege mätäçlik duýýan adamlar üçin ýylyň dowamynda 45 million dollarlyk kömek berer.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Demirgazyk Koreýa Bilen Bagly Habarlary Seljerýär
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi