Zelenskiý Ýurdunyň Daşary Ýurtlardaky Ilçileri Bilen Duşuşdy

Zelenskiý Ýurdunyň Daşary Ýurtlardaky Ilçileri Bilen Duşuşdy

Harby birikmelerin Russiýanyň Kursk oblastynyň belli ýerlerininde goranyş operasiýalaryny dowam etdirýändigini aýdan Zelenskiý; “Harby güýçlerimiz 1250 inedördül kilometrden gowrak ýere we 92 ilaty ýere gözegçilik edýär.pozisiýalarymyzy güýçlendirmäge, käbir ýerleri durnuklaşdyrmaga we Ukraina üçin ýesir çalşyk goruny täzelemäge dowam edýäris.

Umuman bu operasiýa ukrainalylaryň rus hüjümleriniň dowamyndaky iň uly goýumyna öwrüldi.Bu operasiýada köp sanly rus esgerini ýesir aldyk.Bu uly netije” diýdi.

Zelenskiý uzak aralykly ýaraglaryň Russiýada ulanyp ulanylmazlygy hakynda: “Ýaranlarymyz Russiýanyň territoriýasynda ýarag ulanmak bilen bagly çäklendirmeleri aýyran halatynda, serhet zolagyndaky ukrain raýatlarymyzy goramak we Russiýanyň hüjüm potensialyny ýok etmek üçin esasanda Kursk oblastyna fiziki taýdan girmegimize zerurlyk galmaz” diýdi.

Russiýa tarapy bolsa goşunyň Donesk oblastynda Artýomowo atly ilatly ýeri alandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýene-de 13 adam ýogaldy
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi