Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi

Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruşyň bes edilmegini öz düzüminde jemleýän ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny, öňümizdäki hepde ýaranlaryň garamagyna hödürlenjekdigini beýan etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň ýeňiş meýilnamasynyň taýarlanmagy we ähli maddalaryň harby, diplomatik we ykdysady taýdan doldurylmagynyň üstünde işlemäge dowam edýändiklerini, şol meýilnama ähli ugurlar boýunça möhüm taraplaryň goşulandygyny habar berdi.

Zelenskiý: "Ýeňiş meýilnamasynda Ukraina üçin zerur bolan ädimler anyk kesgitlendi.Hakyky we adalatly parahatçylygy üpjün etmek üçin ediljek mümkin bolan güýçli ädimler.Her bir ädim üçin hem anyk sanaw bar, nämelere zerurlygymyz bar, güýçlenmek üçin näme edilmeli?

Bu ýerde mümkin bolmaýan ýeke täk hem zat ýok. 90 göterimden gowragy ýazyldy.Bu meýilnama diňe Ukraina üçin däl, şol bir wagtda halkara hukuga ähmiýet berýän dünýädäki her tarap üçin ýagdaýyň dogry ýagdaýda özgermegini üpjün edýär. Öňümizdäki hepde ýaranlara hödürlemek üçin ýeňiş meýilnamasyny taýarlaýarys" diýip belledi.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

“Soňky Hüjüm Russiýanyň Asla Parahatçylyk Islemeýändigini Açyk Aýdyň Görkezýär”
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjümde 4 Adam Ýogaldy
Zelenskiý Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi