Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi

Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ýewropanyň Syýasy bileleşigi sammitine gatnaşmak maksady bilen Moldowa bardy.

Sammitiň geçiriljek Mimi galasynda Moldowanyň Prezidenti Maýa Sandu tarapyndan garşylanan Wladimir Zelenskiý, ol ýerde beren beýanatynda, söweşi haçan tamamlanjakdygy bilen baglanşykly: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar. Russiýa bu uruşy has ir bes edip biler. Onuň üçin biziň territoriýamyzy terk etmekleri gerek" diýip nygtady.

Zelenskiý, Ýewropanyň Syýasy bileleşigi sammitinde käbir liderler bilen duşuşyklar geçirjekdigini, şol duşuşyklarda ýurduna Patriot raketa ulgamlary ýaly harby goldawyň berilmeginiň ele alynjakdygyny habar berdi.

Zelenskiý ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine we NATO agzalyklary bilen bagly bolsa: "Geljegimiziň Ýewropa Bileleşigindedigine ynanýarys. Ukraina NATO-nyň düzümine goşulmaga hem taýardyr. NATO-nyň Ukrainany öz düzümine goşmagyna garaşýarys. Russiýanyň Ukraina garşy hüjümi we Ýewropanyň beýleki ýerlerine guramagy ähtimal hüjümleri sebäpli howpsuzlyk kepillikleriniň diňe Ukraina üçin däl, eýsem Moldawiýa üçin hem möhümdir" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Sammiti Başlady
Baýden Ukrainanyň ABŞ-na degişli raketaler bilen Russiýa hüjüm guramagyna rugsat berermi?
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň Russiýa girmegi barada beýanat berdi
Uruş Biz Üstün Çykanymyzda Gutarar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny