Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý paýtagt Kiýew şäherinde geçirilen "Ukraina 2024 Garaşsyzlyk forumyndan" soň geçiren metbugat ýygnagynda, ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Zelenskiý Kurskda geçirýän operasiýanyň netijesinde, Russiýanyň Ukrainanyň Harkow sebitine garşy guran hüjümlerine böwet bolandyklaryny belläp: "Kursk operasiýasy ençeme zat bilen bilelikde geldi, ilki bilen Harkow sebitiniň basyp alyşlygyny duruzdy" diýip mälim etdi.

Russiýanyň Ukrainanyň Sumy we Çernigow sebitlerine garşy basyp alyşlyk meýilnamasynyň bolandygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň şol meýilnamalarynada böwet bolandyklaryny habar berdi.

Ýurduna gysga wagt ozal gowşurylan F-16 harby uçarlary bilen baglanşykly bolsa Zelenskiý: "F-16-lar örän gowy netije berdi. F-16-laryň kömegi bilen käbir raketalary we uçarmansyz howa ulaglaryny ýere gaçyrdyk. Mundan başgada bize F-16-lary berendikleri üçin hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirýärin" diýip beýan etdi.

Ýurdunyň ilkinji ýerli ballistik raketa synagynyň üstünlik bilen geçirilendigini aýdan Zelenskiý: "Ilkinji ballistik raketa synagy oňyn netijelendi. Harby senagat toplumymyzy bu ugur boýunça gutlaýaryn" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Blinken Kiýewe Bardy
Zelenskiý Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi
Russiýanyň Harkow Şäherine Guran Hüjüminde 3 Adam Ýogaldy
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy