Zelenskiý: "Ukrainalylar rus goşunynyň Ýewropa tarap öňe gitmegine rugsat bermedi" diýdi

Zelenskiý: "Ukrainalylar rus goşunynyň Ýewropa tarap öňe gitmegine rugsat bermedi" diýdi

Wideo arklay halka ýüzlenip çykyş eden Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýa-Ukraina uruşy bilen baglanşykly soňky wakalary barada maglumat berdi.

Zelenskiý çykyşynda rus goşunynyň Ukraina garşy guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýändigini habar berdi.

Ukrainanyň howa giňişliginiň howpsuzlygyny artdyrmak üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Zelenskiý: "Ukrainanyň has köp howa goranyş ulgamy bolar, şonuň üstünde işleýäris" diýip beýan etdi.

Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň prezidenti Rim papasy Fransisk, Ukraina "ak baýdak açmak" baradaky çagyryşyna jogap beren Zelenskiý: "Rus ganhorlar we jellatlar Ýewropa tarap gidip bilenoklar, sebäbi ellerinde ýaraglar bilen, gök we sary baýdagyň astynda ukrainaly zenanlar we erkekler tarapyndan saklanýarlar.

Ukrainada bir wagtlar köp sanda öýüň we buthanalaryň ak diwarlary bardy we olar indi rus toplaryň oklary bilen ýanan we böleklere bölünen ýagdaýda, şol ýagdaý bolsa kimiň durmagynyň gerekdigi babatynda örän manyly bir alamat" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Italiýa Bardy
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
Ukraina Ýeňiş Maksatnamasyny Ýewropaly Ýaranlarynyň Garamagyna Hödürlär
Baýden Ukraina Goşmaça HArby Kömek Berjekdiklerini Aýtdy
Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar
ABŞ Demirgazyk Koreýa Bilen Bagly Habarlary Seljerýär
Russiýa Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär