
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmek üçin geçirilek ýaraşyk gepleşiklerinde Russiýa ýer çalşygyny teklip etjekdiklerini aýtdy.
Britaniýada çap edilýän “Guardian” gazetine interwýu beren Zelenskiý, Ukrainanyň alty aý ozal Russiýanyn Kursk oblastynda alan ýerleri bilen bilelikde ýer çalşygyny teklip etjekdigini aýtdy.
Emma “Biziň ýerlerimiziň ählisi möhüm, aralarynda tapawut ýok” diýip, Zelenskiý nygtady.