Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guran howa hüjümleri barada beýannama berdi

Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guran howa hüjümleri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy, Russiýanyň Kriwoý Rog şäherinde 4 gatly myhmanhana binasyna guran howa hüjüminde 2 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 5 adam ýumrulan binanyň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy, harabalygyň aşagynda galandygy çak edilýän 2 adamy çykarmak üçin halas ediş işleri dowam edýär.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurdunyň energiýa ifrastrukturasyny nyşana alyp guran hüjümlerine gaýtawul bermäge taýarlyk görýändiklerini habar berdi.

Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Baş ştabyň başlygy Oleksandr Syrskiý bilen uzak wagt dowam edeýn duşuşyk geçirendigini belläp: "Russiýanyň raketaly hüjümleriniň yzyna serpikdirilmegi, Russiýa berjek gaýtawulymyza, oňa taýarlyk görýäris, F-16 uçarlarynyň ulanylmagy we Kursk sebitindäki operasiýany ara alyp maslahatlaşdyk.

Kursk sebitinde kesgitlenen sebitlerde Ukrainanyň zerurlyklarynyň çäginde hereketlerimizi dowam etdirýäris. Şu gün has köp territoriýanyň gözegçiligini ele geçirdik, zamun çalşygy täzelendi" diýip mälim etdi.

Zelenskiý Baş serkerdelik ştabynda geçen duşuşykda Baş Ştabyň başlygy Syrskiýden Pokrowsk şäheriniň goralmagy bilen birlikde operatiw ýagdaý barada maglumat alandygyny beýan etdi.

Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde azyndan 127 raketa we 109 uçarmansyz howa ulagyny ulanandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjümde 4 Adam Ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki 2 ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
Putin Ukraina bilen deslapky şertsiz duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy