
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmeginiň 11-nji ýyly bilen bagly çap eden ýüzlenmesinde, ýurdunyň territorial bütewiliginiň we özygtyýarlylygynyň gepleşiklere açyk bir tema bolmandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan Krym tatar dilinde paýlaşan ýüzlenmesinde, Russiýanyň 11 ýyl ozal bikanun ýagdaýda Ukrainanyň Krym sebitini basyp alyp, ýurduna garşy hüjüm başladandygyny mälim etdi.
"Şu gün Russiýanyň Krym sebitimizi basyp almagyna göz ýummaýan her kimiň edermenlik we dogruçyllyk günüdir" diýip aýdan Zelenskiý, 26-njy fewralyň Krymyň garşylygyny görkezýän günüdigini beýan etdi.
Ýurduna goldaw berýän her kime minnetdarlyk bildiren Wladimir Zelenskiý: "Ukrainanyň territorial bütewiligi we özygtyýarlylygy gepleşiklere açyk bir tema däldir we hiç wagt bolmaz. Krymymyzdaky garşylyk güni, hakykata we Ukraina hormat günüdir" diýip belledi.