Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi

Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Finlýandiýanyň Prezidenti bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "1-nji iýundan başlap Russiýanyň goşmaça 300 müň esger mobilizlejekdigini aýdyp bilerin" diýip habar berdi.

Mart aýynda Vyorstka gazedi hem: Harkowa hüjüm etmek üçin goşmaça 300 müň esgeriň mobilizlenjekdigini ýazypdy. Gazediň Döwlet baştutanyna we Goranmak ministrligine ýakyn bolan bir çeşmelere salgylanyp: "Meýilnama görä nobatda Harkow bar, emma şäher berk durar. Ol bolsa şäheriň töwereginiň gabaw astyna alynmagy bilen mümkin. 300 müň esger kem. Şol sebäpli 2-nji mobilizlenme üçin taýarlyklar tamamlandy" diýip ýazypdy.

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow hem Zelenskiýniň beýanatynyň nädogrydygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Hasabat: "Rus raketasynda Günbatar döwletlerine degişli bölekler bar"
Ukraina, Russiýa Degişli Su-34 Kysymly Harby Uçary Urup Düşürendigini Habar Berdi
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär