Zelenskiý; “Terror jezalandyrylmasy hökmany bolan jenaýatdyr” diýdi.
Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren wideo ýüzlenmesinde, rus harby güýçleriniň Ukrainanyň Zaporožýe şäherinde soňky günlerde guran hüjümlerine reaksiýa bildirdi.
Rus güýçleriniň 3-nji oktýabrdan bäri Zaporožýä guran rakataly hüjümleri sebäpli 43 adamyň ölendigini beýan eden Zelenskiý; “Harkow, Donbass şäherlerine, Ukrainanyň beýleki şäherlerine hem hüjümler guraldy. Eýranyň önümi bolan uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler edildi” diýdi.
Rus güýçleriniň Ukrainada asuda ilata we harby däl infrastrultura hüjüm guraýandygyny beýan eden Zelenskiý; “Asuda ilata garşy yzgiderli terror hüjümini guramak Russiýanyň gepleşiklere gatnaşmagy aç-açan ret etmegidir” diýdi.
Ukrainanyň lideri; “Terror, jezalandyrylmasy hökmany bolan jenaýatdyr. Döwlet derejesinde terrorizm dünýäde diňe bir adama däl, ähli halkara jemgyýetçiligine howp salýan elhenç halkara jenaýatlardan biridir” diýdi.