Zelenskiý: "Russiýa garşy sanksiýalar Buçadaky harby jenaýat bilen proporsional bolmaly" diýdi

Zelenskiý: "Russiýa garşy sanksiýalar Buçadaky harby jenaýat bilen proporsional bolmaly" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Telegram hasabyndan beren wideo ýüzlenmesinde, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweş bilen bagly beýannama berdi.

Russiýa garşy täze sanksiýa bukjasynyň taýarlanýandygyna ünsleri çeken Zelenskiý, Russiýanyň goşunynyň Buça şäherinde ukrainalylara garşy ezýet berendigini mälim etdi.

Zelenskiý: "Dünýäniň Buça şäherinde başdan geçirilenleri görmeginden soň Russiýa garşy sanksiýalar, basyp alyjylaryň eden harby jenaýatynyň agyrlygy bilen proporsional bolmalydyr. Eger mundan soň rus banklary hemişeki ýaly işlese, Russiýa önümler ugradylmaga dowam edilse, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Russiýa energiýa çeşmeleri üçin töleg geçirmäge dowam etse onda käbir liderleriň syýasy ykbaly mundan soň ozalkysy ýaly bolmaz" diýip belledi.

Ukrainanyň goşunynyň Russiýanyň harby birikmeleriniň girmäge synanyşýan ýerleriň aglabasyny öz gözegçiliginde saklaýandygyny aýdan Zelenskiý, ýurdunyň Donbass we Harkow sebitlerindäki ýagdaýyň agyrdygyny mälim etdi.

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine garanyňda has köp harby enjama eýedigine ünsleri çeken Zelenskiý, emma rus resmileriň goşuna harby mekdeplerde okaýan talyplary goşmaga synanyşýandygyny habar berdi.

Zelenskiý ukrainaly esgerleriň söweşmäge dowam etjekdigini belläp: "Başga bir ýolumyz ýok. Topraklarymyzyň we halkymyzyň ykbaly kesgitlenýär. Näme üçin söweşýändigimizi bilýäris we ýeňiş üçin ähli zady edýäris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Zelenskiý Russiýanyň Hüjümleri Hayknda Beýanat Berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki 2 ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi