Ukrainanyň Prezident Diwanynyň habaryna görä, Wladimir Zelenskiý gol çeken kararnamasy bilen döwletiň howpsuzlygynyň kepillik astyna alynmagy üçin ylalaşyk taslamasynyň taýarlanmagy we tassyklanmagy bilen baglanşykly Russiýa bilen gepleşikler geçirjek toparyň düzümini tassyklady.
Hökümediň başyndaky Halkyň hyzmatkäri partiýasynyň deputaty Dawid Arakhamianyň ýolbaşçylygynyň wekiliýetiň düzüminde Adalat ministri Denis Maluska, Prezident ofisiniň geňeşçisi Mihail Podolýak, Goranmak ministri Alekseý Reznikow, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mikola Toçitskiý bilen birlikde deputatlar Andreý Kostin, Dmitriý Lubinets we Rüstem Umerow bar.
Hukukçy Aleksandr Malinowskiý bilen diplomat Aleksandr Çalyý hem wekiliýetiň hünärmenleri hökmünde bellendi.
Ukrainaly wekilleriň ýolbaşçysy Arakhamia soňky gezek Stambulda geçirilen maslahatdan soň aralarynda Türkiye hem bolan 8 ýurdy kepillendiriji ýurtlar hökümde görmek isleýändiklerini habar beripdi.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.