Zelenskiý, Rus Goşunynyň Howa Hüjümine Garşylyk Görkezdi

Zelenskiý, Rus Goşunynyň Howa Hüjümine Garşylyk Görkezdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, rus goşunynyň şu gün ýurduna guran howa hüjüminde 100-den gowrak raketa bilen 100-e golaý howa goranyş ulagyny ulanandygyny aýtdy.

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda rus goşunynyň guran howa hüjümine garşylyk görkezdi.

Rus güýçleriniň Ukraina 100-den gowrak raketa bilen 100-e golaý “Şahed” kysymly uçarmansyz howa ulagyny atandygyny ýatladan Zelenskiý, hüjümleri ýurduna guralan iň uly hüjümlerden biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Zelenskiý, hüjümleriň ýurdunuň energetika ulgamyna uly zeper ýetirendigini ýatlatdy.

Rus hüjümleriniň paýtagtyň başda durmagynda Ukrainanyň çar tarapyna ýaramaz täsirini ýetirendigini aýdan Zelenskiý “Gynansakda hüjümlerde ýogalanlar bar. Ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýärin. Ýaralanan onlarça adama gyssagly şypa dileýärin”diýdi.

Zelenskiý, Russiýanyň hüjümlerinde Demirgazyk Koreýada öndürlen balistiki raketalaryň öndürlendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Rus goşuny Ukrainanyň Lwow şäherine raketa bilen hüjüm gurady
“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”
Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär