ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, ministr Lloýd Ostin Singapurda geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň iň möhüm howpsuzlyk forumlaryndan biri bolan Shangri-La diýalogynyň çäginde Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Ostin ABŞ-nyň Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina doly goldaw berýändigini beýan etdi.
Ostin mundan başgada Ukrainanyň zerurlyklarynyň üpjün edilmegi bilen bagly ýurdunyň howpsuzlyk kömekleri ugrundaky täzelikler barada maglumat berdi we Ukrainanyň azatlygyny goramagyna kömek bermek üçin goldaw bermekde tutanýerlidiklerini beýan etdi.
Beýleki tarapyndan Zelenskiý we Ostin ABŞ bilen Ukrainanyň arasyndaky strategik goranyş hyzmatdaşlygyň has hem güýçlendiriljekdigi barada wada berdiler.