Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar

Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar

Zelenskiýniň Ukrainanyň parlamenti Ýokary Radanyň garamagyna hödürlän “parahatçylyk maksatnamasy” hakynda žurnalistlere beýanat beren Peskow; “Maksatnamanyň esasy maksady Zelenskiýnin NATO-nuň Ukrainadaky çaknyşyga gönüden goşulmagyny resmileşdirmek islegidir. Çarçuwasy kesgitlenen, dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilen maskatnamanyň özeni şundan ybratdyr. Ýagny şeýle diýýär: “Hawa dostlar, ozalam goşulýardyňyz, emma resmi däl görnüşde. İndi ony resmileşdireliň, NATO bärde bolsun.

Bu onuň nähili gözýetimsiz, ukypsyz we mantyksyzdygyny görkezýär” diýdi.

Onuň parahatçylyk däl, eýsem NATO-ny we Russiýa Federasiýasyny agyr netijeleri boljak çaknyşygyň bosagasyna getirmek üçin şertleri agyrlaşdyrýan maksatnamadygyny beýan eden Peskow; “Ýewropalylaryň, hat-da NATO-nuň reaksiýasyndan, şeýle mantyksyz we has açygy samsyk teklipleri eşitmekden hoşal däldigini görýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi