
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň ABŞ bilen möhüm ähmiýetli magdan ylalaşygyna gol çekişmek üçin anna güni ABŞ-na geljekdigini aýtdy.
Ukrainanyň seýrek gabat gelýän ýer elementlerini öz içine alýan ylalaşyk, birnäçe hepdeden bäri dartgynlyga sebäp boldy.
Tramp ony ABŞ-nyň salgyt töleýjileri üçin maliýe ýeňişi hökmünde häsýetlendiren bolsa, Zelenskiý “bu bir başlangyç” dýýär we ünsli çemeleşýär.
Amerikan we rus diplomatlarynyň Stambuldaky duşuşygynyň öň ýanynda Russiýa bolsa öz bähbitlerini goraýar.