Zelenskiý Lukaşenkonyň raketa hüjümleri sebäpli ötünç sorandygyny aýtdy

Zelenskiý Lukaşenkonyň raketa hüjümleri sebäpli ötünç sorandygyny aýtdy

ABŞ-ly podkaster Leks Fridman bilen geçiren söhbetdeşliginde Zelenskiý 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina urşunyň ikinji ýa-da üçünji gününde Lukaşenko bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belläp: "Lukaşenko menden ötünç sorady we şeýle diýdi: Bu meniň günäm däl. Raketalar meniň topragymdan atyldy, emma olary atan Putindir. Meniň şaýatlarym bar, bagyşlaň diýdi" diýip habar berdi.

Zelenskiý Lukaşenkonyň ruslara garşy söweşip bilmejekdigini duýdurandygyny belläp, belarussiýaly kärdeşine "Bu uruş. Belarussiýadan biziň sebitimize raketa atyldy. Muňa nädip rugsat berdiňiz?" diýip jogap berendigini aýtdy.

Lukaşenkonyň bolsa: "Bolýar, onda siz hem ar alyň. Mozyr nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm guraň. Munuň nähili möhümdigini bilýärsiňiz." diýendigini beýan etdi.

Zelenskiý ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trumpyň prezidentlik döwri bilen baglanşykly bolsa: "Trumpyň Putine basyş edip, urşy bes etdirmek güýjüniň bardygyna ynanýaryn, ýöne bu diňe howpsuzlyk kepillikleri bilen mümkindir" diýip nygtady.

Urşuň gutarjakdygyna we Trumpyň uçar bilen Ukraina ilkinji gelen lider boljakdygyna ynanýandygyny aýdan Zelenskiý, munuň simwoliki ädim boljakdygyna ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki 2 ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder
Putin Ukraina bilen deslapky şertsiz duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy
“Soňky Hüjüm Russiýanyň Asla Parahatçylyk Islemeýändigini Açyk Aýdyň Görkezýär”
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer