Zelenskiý Kursk operasiýasy barada beýannama berdi

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukraina sapar guran Gollandiýanyň premýer ministri Dik Şuf bilen Zaparožýe şäherine bardy.

Wladimir Zelenskiý geçirilen umumy metbugat ýygnagynda rus hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin howa goranyş ulgamlarynyň güýçlendirilmegi we F-16 harby uçarlary bilen tapawutly ýaraglaryň üpjün edilmegi babatynda Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny beýan etdi.

Mesele bilen bagly Dik Şufa zerur bolan maglumatlary berendigini aýdan Zelenskiý, Günbatar ýurtlar tarapyndan öndürilýän uzak aralykly ýaraglaryň Russiýadaky harby nyşanalara garşy ulanylmagy bilen bagly gadagançylygyň ortadan aýyrlmagy we şol görnüşli ýaraglaryň alynmagy üçin iş alyp barmaga dowam edýändiklerini mälim etdi.

Ukrainanyň goşunynyň Russiýanyň Kursk sebitine garşy awgust aýynda başladan operasiýanyň meýilleşdirilen görnüşde dowam edýändigini aýdan Zelenskiý, Kurskdaky operasiýanyň rus goşunynyň Ukrainanyň Donetsk sebitindäki hüjümleriniň azaldylmagy taýdan uly ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Russiýanyň maksadynyň Donetsk we Lugansk sebitlerini dolulygyna basyp almakdygyny, şol sebäpli iň taýarlykly harby birikmeleri şol ýere ýerleşdirilendigini aýdan Zelenskiý, soňky 2 günde rus goşunynyň Pokrowsk şäheri ugrunda öňe gidişlik edip bilmändigini aýan etdi.

Zelenskskiý Kursk sebitinde 600-den gowrak rus esgerini ýesir alandyklaryny, onuň Russiýa-Ukraina arasynda dowam edýän ýesir çalşygy taýdan möhümdigini belledi.

Gollandiýanyň premýer ministri Dik Şuf bolsa X sosial ulgamdan beren beýanatynda, Ukraina berýän goldawlarynyň dowam etjekdigini aýdyp: "Ukraina Gollandiýanyň berýän goldawlaryna ynanyp biler. Ukrainanyň barlygynyň dowam etmegine kömek bermek üçin mümkin bolan ähli zady etmelidiris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Soňky Hüjüm Russiýanyň Asla Parahatçylyk Islemeýändigini Açyk Aýdyň Görkezýär”
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjümde 4 Adam Ýogaldy
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”