Zelenskiý Germaniýa Bardy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan söweşde Russiýa garşy hüjüm guramak üçin uly taýarlyk görendiklerini aýtdy.

Zelenskiý, İtaliýa guran saparyndan soň Germaniýa bardy.

İtaliýa guran saparynyň çäginde metbugata beýannama beren Zelenskiý, söweşde Russiýa garşy uly taýarlyk görendiklerini we gysga wagtda uly öňe gidişlik edendiklerini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Ukrain goşunynyň Krym serhedine çenli baran halatynda Russiýanyň içinde Wladimir Putine bolan goldawyň azaljakdygyny öňe sürdid.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda durup geçen Zelenskiý, Sizinpiniň özüne Russiýa ýarag bermejekdiklerini we Russiýa goldaw bermejekdiklerini aýdandygyna ünsi çekdi.

Zelenskiý, İtaliýa guran saparynyň çäginde Prezident Mattarella, Premýer-ministr Meloni we Papa Fransisk bilen duşuşdy.

Ukrainanyň Prezidenti soň bolsa Germaniýa gitdi.

Germaniýanyň Goranmak ministrligi, Ukraina 3 milliard dollarlyk harby enjam kömegini berjekdiklerini mälim edipdi.

Front liniýasynda bolsa çaknyşyklar dowam edýär.

Russiýanyň Brýansk şäherinde bir harby uçar bilen bir dikuçar urlup düşürildi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen bagly ýüzlenme çap etdi
Erdogan Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýene-de 13 adam ýogaldy