Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "F-16-lar Ukraina geldi.Biz muny ýola goýduk.Bu uçarlarda tejribeli we olary ýurdumyz üçin ulanmaga başlaýan egindeşlerimize buýsanýaryn.
Bu netije üçin toparymyza minnetdarlyk bildirýärin.F-16-lar babatynda hakykatdan hem goldaw beren ähli hyzmatdaşlarymyza, uçar talabymyzy ilkinji bolup kabul eden ýurtlar bolan Daniýa, Gollandiýa we ABŞ-na minnetdardyryn" diýip belledi.
Ukraina haýsy ýurtlar tarapyndan näçe sany F-16 harby uçarlaryň berilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.